TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

   Soňsuz söýgüniň sakasy

 

                                                              (Oýlanma)

Duýgularyň açylanda, sähraň hem daglaryň gülälekleriniň açylşyna meňzeşdir. Duýgy ýaşaýyşyň hem ýaşaryşyň özenidir. Ynsan üçin iň lezzetli hem iň kämil duýgy-özüňiň Watanyň bir parçasydygyňy duýup ýaşamakdyr, sebäbi, bu duýgy ony ýalnyzlykdan halas edýär.

Howa, ynsana berlen sanlyja ezizlikleriň biri bolan Watan ezizligini hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. “Bir gün duza müň gün salam” diýlişi ýaly bir gijelik myhman alana gör, näçe wagt minnetdar bolup gezýäris. Iş, okuw ýa sapar sebäpli, özüňi birnäçe ýyllap goýnunda ýaşadan ýat şähere ömürboýy alkyş aýdýarys. Eýsem, bizi soňky deme çenli gujagynda saklajak Watan topragyna söýgimizi alkyşymyzy nädip beýan etmeli?!

Janymyz tenimizden ýüz öwrenden soňra-da ýumşak topragyny düşek edip berýän Watan dälmidir?

Watandan hiç wagt aýra düşüp bolmaýar. Watan topragyny ýüzüme togap edip, maýsalaryny sypanymda göýä özümi ertekide ýaly duýýaryn. Bu beýik ümmülmez Watany, bu beýik daglary, bu tereň derýalary, bu giň sähralary, bu mähriban oba-şäherleri gujagyma sygdyrasym gelýär. Aslynda Watana sygynsaň, Watan ýüregiňe sygýan eken. Watan diňe seniň daşyňda däl, eýsem, içiňdedir.

 

Watan. Men käteler özümi Watanyň manysyny açmak isleýän adam mysaly duýýaryn. Ony nakgaşlaryň eserlerinden, şahyrlaryň goşgularyndan, galyň kyssa kitaplardan gözleýän. Kakamyň gürrüň beren bir gadymy rowaýaty Watana bolan söygümiñ has hem kämilleşmegine getirdi. Rowaýata görä bir adamyň üç sany ogly bolupdyr. Ogulllary ulalyp, ýigit çykypdyr. Günlerde bir gün ata öz ogullaryna gymmat bahaly zady getirmegi sargap olary özge ýurtlara ugradýar. Ogullaryň üçüsi üç ýola rowana bolupdyr. Birnäçe wagtdan soň bolsa yzyna dolanyp gelipdirler. Birinji ogul ýany bilen getiren gymmat bahaly küýzesini kakasyna gowşurypdyr. Ikinji ogul bolsa kakasyna ýüpek don getiripdir. Üçünji ogul bolsa hiç zat getirmändir. Ol kakasy bilen doganlaryny bagryna basypdyr-da:

-Meniň gezip-gezip tapanym küýseg boldy. Iň gymmat bahaly haryt hem öz Watanymyň bir gysym topragyna deň däl eken. Meniň üçin iň gymmatly hazyna göbek ganym daman mekanym -diýipdir.

Dogrudan-da ynsanyň dünýä gelip, ilkinji gözüni açyp göreni “Watan”. Ejesiniň gujagyndan aýrylasy gelmeýän bäbejik mysaly, Watanymyň gujagyndan hiç gidesim gelenok. Çagalygymyň, ýaşlygymyň geçen ýerleri gözüme yssy görünýär, çünki, ol ýerde meniň bigamlygym, päkligim we söýgim ýatyr.

Watanyň mährini syzyp, Watanyň söýgüsine sygynýan adamyň ýüregi gözellige teşne bolýar. Aýratynam döredijilik adamsynyň ýüregi joşan wagty gözelligiň naýbaşy dünýä inýär. Şahyr ýüregimden syzylyp çykan setirlerime Watanyma bolan soňsuz söýgümi siňdiresim gelýär.

Dabanyma çümen tikeniň eziz,

Gunçalan güllerňi üzmän söyerin.

Söýgi sozlem siňer halal zähmete,

Daglara daşlara ýazman söýerin.

Seni ozüme-de dözmän söýerin.

Watany barada goşgy ýazmadyk şahyr, aýdym aýtmadyk aýdymçy bolmasa gerek. Tükenmejek Watan söýgüsini öz halal zähmetine, Watan ugrunda bitirýän beýik işlerine siňdirmek söýgüni beýan etmegiň iň üýtgeşik görnüşidir. Goý, biz şeýlebir adam bolaly, Watanyň bizden aýrylasy gelmesin. Onuň üçin Watany beýgeltmek gerekdir.Biz bugün Watany beýgeltsek, ertir Watan bizi beýgelder. Göbek ganymyz daman ýer biziň üçin Älemiň merkezidir. Biz üçin şondan beýik, şondan owadan ýer ýokdur. Daglary daýanjym bolup, mydam başyňy dik tut diýip arkamda tirkeş-tirkeş bolup dur. Goýnunda geçen her günüm meň üçin baýram. Ynsanyň ýaşaýşy üçin oňa howanyň, suwuň zerur bolşy ýaly iliňi söýmek, ýurduňy söýmek duýgulary hem zerurdyr. Bu duýgular biziň ruhymyzy baýlaşdyrýar.

Watan. Sen şahalary asmana degip duran çynarymsyň. Ata diýsem gyzym diýip başym sypan mähribanymsyň. Men seniň aşygyň, saýrak bilbiliň. Bir bakyşda söýgi bar diýleni dogry, ýöne, men saňa her bakanda gaýtadan aşyk bolýaryn. Her pasylda täze lybasyňy geýip gözlerimi guwandyrýan ajaýyp tebigatyňdan ýüregim ylham alýar. Ine, bugün hem altyn güýzüňi synlap, töwerekden many agtarmaga çagyrýan giňiş peýzaža siňip barýaryn. Edil şu pursat özümi tebigatyň bir bölegi ýaly duýýaryn.

Her bir gysym gumuň zerden-göwherden gymmat hazynam. Sähralaryň gül düşelen sallançagym. Şemalyň bilen kowalaşdym oýnap, maýsalaryňa goşgy okap berýärin. Gijeler maňa gözlerini gyrpýan döşüňdaki monjuk ýyldyzlaryňa syrlarymy aýdyp, gündizler meni ýyly mährine çoýýan güneşiň bilen her gün täzeden dogulýaryn. Seniň gujagyňda hem seni küýsäp, seniň gujagyňda hem saňa garaşýan. Günçalaň gülleriň bark urýan müşk ysyny gujaklap uka gidýärin. Alyslarda ýanyňa gyssanyp, ýakynyňda ýellerden gysganyp söýýän. Giň asman kagyz, deňizler syýa bolsa-da saňa bolan söýgümi beýan etmäge ýetmeýär. Elbetde, bu söýgi garşylykly. Meni gujagyňda yssy mähriň bilen gurşap saklaýarsyň. Men menden geçsem-de, menden geçeňok.

 

Eýsem bu Watany elini ýüreginiň üstünde goýup Döwlet Senamyza hiňlenýän Watan goragçysynyň gözlerine, daýhanyň ýer depen mahaly maňlaýyndan akan ajy derinde, gujagynda naşyja çaga süýji ukuda ýatan sallançakda, saçakdaky mele-myssyk nanda, ak sakgal gojalaryñ, ak saçly eneleriñ ýagşy doga, dileglerinde görüp ýörkäň nädip söýmejek?! Bagtyň suratyny çek diýseler, men seni çekerin Watan!

                                                                                

                                                                    Aknur Ataýewa,

                                                                    Türkmenistanyň Inžener-tehniki

                                                                    we ulag kommunikasiýalary

                                                                    institutynyň 5-nji ýyl talyby.  

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

                                                                 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle