Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin geçiriljek “Soňky jaň” dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, baýramçylyk dabaralary Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdebinde oturdylan Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýmak çäresi bilen başlanar.
Şol gün ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Ýurdumyz berkarar, gadamymyz batly, Arkadagly Serdarly ýaşlarymyz bagtly” şygary bilen baýramçylyk dabaralary guralar.
Has tapawutlanan uçurymlara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
25-nji maýda agşam Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler.