TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

«Soňky jaň» dabaralary ýakymly ýatlamalara baý bolar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde şu ýyl okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we hususan-da, «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

25-nji maýda medeni çäreler geçiriler

25-nji maýda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köpsanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleriň guraljakdygy habar berildi.

Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiýadalarynyň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän milli mukaddesliklerimize gül çemenlerini goýarlar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly şygar astynda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özbaşdak durmuşa gadam urýan ýaş türkmenistanlylaryň «Soňky jaň» dabarasy baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýatlarynda galmagy üçin baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Munuň özi ýaş oglan-gyzlaryň müňlerçesini beýik işlere ruhlandyrar, mähriban Watana bolan söýgini berkider, Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine asylly zähmet çekmäge höweslendirer diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Talyplyga dalaşgärler harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürip bilýär

Amerikanyň sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” bäsleşigine badalga berildi

Ata Watan Eserleri

Teswirle