30/10/2020 13:04
Home IŇ TÄZE HABAR Zähmet haklary we talyp haklary ýokarlandyrylar

Zähmet haklary we talyp haklary ýokarlandyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň hem-de talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi. Şol Permanyň käbir böleklerini dykgatyňyza ýetirýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş goraglylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen karar edýärin.

  1. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň hem-de talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
  2. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşjylaryň pensiýalaryny aýda iň pes möçberi 1557 manat möçberde, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşyna we tylda zähmet çekenleriň pensiýalaryny aýda iň pes möçberini 457 manat möçberde, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk gullugy 372 manat möçberde, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk gullugy 354 manat möçberde bellemeli.
  3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 957 manat möçberde bellemeli we muny aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.
Okap bilersiňiz  Türkiýe Respublikasy bilen syýasy geňeşmeler
Okap bilersiňiz  Taryhy nazaryýetde parlament

Kyrk gyz gowagy: Ajaýyp wideo şekiller Size garaşýar

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň owadan zenan Julia Robertsiň filmleri

Owadan ýylgyryşy bilen meşhurlyga eýe bolan Golliwudyň iň owadan zenanlaryndan biri Julia Roberts karýerasynyň dowamynda köp sanly filmde surata düşdii. 90-njy ýyllary Riçard Giriň...

Ertirlik üçin ýeralmaly peýnirli tagam

Mähriban okyjylar, men bu gezek size ertirlik üçin taýýarlanyşy aňsat we öýüňizde bar bolan zatlar bilen datly tagamyň taýýarlanylyşyny öwretmekçi. Munuň üçin gerekli önümler: 4...

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Taýwanyň myhmanhana-akwariumy

Dünýä belli fransuz ýazyjysy Žul Werniň “Deňziň aşagyndaky ýigrimi müň liga” atly eserinden ylham alnyp, Taýwanda täsin myhmanhana döredildi. “Cozzi Blu” kaşaň myhmanhanasy “Xpark”...

Türkmenistan bilen Malaýziýa energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Okap bilersiňiz  Yeni Tatlı Su Kaynağı Bulundu
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Muhiddin Ýassine däp bolan dostlukly...

Matwiýenko Türkmenistanyň iki palataly ulgamyna ýokary baha berdi

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm...

Türkmenistanyň serhetlerinde ýük gatnawy

Türkmenistanyň Eýran we Gazagystan bilen serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlary boýunça ýük awtoulaglary gatnawyna açyk bolmagynda galýar. Ýurduň eksport-import mümkinçiliginiň artdyrylmagy maksady bilen hem-de halkara ýük gatnawlary...