21/10/2020 18:19
Home IŇ TÄZE HABAR Ynsan jigeriniň gül-gunçasy
Hojagylyç Nazarow
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojagylyç Nazarow 1937-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasynda doglan. 53 ýyl mugallym bolup işlän. Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi, uly mugallym, usulçy mugallym atlaryna mynasyp bolan, bir orden we üç sany medal bilen sylaglanan. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gaýrat medalynyň eýesi. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi.

Ynsan jigeriniň gül-gunçasy

Arada guşlyk mahaly köçeden geçip barýarkam, şatlykly dabara gabat geldim. Aýal-erkek, oglan-uşak barçasynyň gülküleri dumly-duşa ýaň berýärdi. Aýdym-saz ýaňlanýardy, küşt depilýärdi, surata düşülýärdi. Mähelläniň üýşen ýeri şäher bäbekhanasydy. Şatlanýarlar dünýä inen bäbeklerini bäbekhanadan toý-tomaşa gurap çykarmaga gelen ata-eneler, dost-ýarlar, goňşy-golamlar eken. Şeýle bäbek dabaralarynyň yzy, ylahym, üzülmesin! Goý, ol ýerde, her ojaga nesip etsin! Ozal-a Beýik Allanyň, galyberse-de, eli ýeňil lukmanlaryň şepagaty, yhlasy esasynda hamyla gelin balasyny bagryna bassyn! Häzirki zamanda çagalara we enelere döwlet derejesinde edilýän ýardamy, aladany aýdyp-diýip gutarar ýaly däl. Tüweleme, ýaman gözden, ýaman dilden saklasyn! Bu ajaýyplyk-hormatly Prezidentimiziň çagalar baradaky atalyk aladasynyň netijesi. Arkama-arka öten ýedi puşdumyz-a diýmäýin, şu güniň gojalary bolan bizem şeýle sapaly çagalygy hyýalymyza getirip bilmändik. Bizden has öňräkler çarwa obalarynda ýekeje hem lukman bolman, tebiplerden haraý gözläpdirler. Ikigat zenanlar Beýik Biribara sygnyp, bäbäge öz ojaklarynda garaşypdyrlar. Bäbek kyn gyssag görkezmän, dünýä inäýs-ä ne ýagşy, ýogsa-da hossarlary gapy-gapy aýlanyp, bilgiçdir ökde gäbegene agtarmalydy…

Hawa, dünýä inen bäbegi deslap şerebede, yz ýanyndan bolsa içine kümüş atylan tasda ýa legene suwa düşürerdiler, kümüş mikroorganizmleri zyýansyzlandyrýar, ötenlerimiz şuny bilipdirler. Ata-baba dowam edýän ygtykada görä, bäbegiň gulagyna azan owazy eşitdirilerdi. Sallançagam tärimlere daňlan tanaplaryň arasyndaky haýy giden, kümşillän kilimdir. Ol ýyllarda çagany häzirki ýaly galapyn elde saklap, ele öwrenişdirmän, sallançakdan çykarmajak bolýardylar. Kimiň çagasy bilen bälçireşip, begenşip oturasy gelmeýär?! Arman, ol eneleriň ýaşaýyş-durmuş aladalary başlaryndan agdykdy, ýetişibilenokdylar. Çaga dümewlese, oňa derman berilmezdi, sanjym-da edilmezdi. Maňlaýyna, gursagyna, aýaklaryň aşagyna basym-basymdan sowujak öl mata ýapardylar. Bu bejergi 2-3 gün dowam etdirilende, çaganyň başda ýüzjagazy, soňra tutuş bedeni burçak-burçak derläp, egin-eşikleri sykybermeli bolardy. Şondan soňra ene-ata uludan dem alyp, jany aram tapardy. Diýmek, deriň geldigi çaganyň bäri bakdygydy, dümewiň yzyna garaman gaçdygydy. Eneleriň çagalary dümewlände, gan ýylysyndaky gora suwa düşürip, soňra mäkäm dolap, haýyr tapyp ýörenlerem az däldi. Tomsuň epgekli yssylarynda, tok bilen işledilýän sowadyjy enjamsyz gününi gara öýde geçiräýmek çaga-ha däl, ulular üçin hem aňrybaş görgüdi. Emma mähriban käbelerimiz munuňam alajyny tapyp, çagalaryny yssydan, her dürli bela-beterlerden gorap saklapdyrlar. Irden, yssy düşmänkä, çagany suwa düşürip, onki süňňüni şemalladardylar. Synasynyň yssydan ýanaýjak ýerlerine mal ýagdyr ýanan çigit ýagyny çalýardylar.

Okap bilersiňiz  Azerbaýjanyň täze wezipä bellenilen ministri bilen söhbetdeşlik
Okap bilersiňiz  “Xiaomi” ilkinji gezek “Huawei”-den ozdurdy

Aldym-berdimli gyşam çaga ideginde uly synag. Ýöne eneler çaga terbiýesinde sowukdan heder etmezdiler. Nähili aýaz, apy-tupan bolsa bolubersin, gara öýde, ojagyň başynda çagalaryny suwa düşürerdiler. Şonda çaga üşäp, titrese-de, myzaýyk etmän howlukman geýindirerdiler. Hatda olar arlyk çalşyranlarynda, «Çaga üşejeg-ow» diýip awmezdiler, darykmazdylar. Beýle dözümligiň, gürrüňi ýok, çaganyň geljekde sowuga, diňe oňa däl, köp zada, köp kynçylyklara çydamly bolmagyna hemaýaty bardyr.

Ýaşap öten enelerimiziň saglyk, lukmançylyk ugrundan azda-kände düşünjeleri bolupmy ýa-da öňden gelýän adat edilen endiklermi, garaz şu gürrüňe dahylly birki mysal getireýin. Deslapkysy, çaga dümewden sagalan dessine onuň geýip ýatan egin-eşiklerini, ýatan ýorgan-düşeklerini haýdan-haý Güne sererdiler. Gün şöhlesi dümewi döreden zatlaryň tepbedini berip, gaýdyp bäri-bärde yzyna dolanmaz ýaly edýär. Ikinjisi, gyşmy-tomusmy, parhy ýok, çagany aram-aram daşaryk çykardylar.

Gün şählesi çaga bedenine dewaýys bolan «D» witaminiň emele gelmegine, onuň kadaly işlemegine itegi berýär. Ol ýumurtganyň sarysynyň, süňküň ýiliginiň, balyk ýagynyň we beýleki gymmatly azyk önümleriniň berýän peýdasynyň deregini tutýar. Men muny asyl kärim himiýa we biologiýa mugallymy bolansoň, wagtynda saglyk ugrundan ençeme gazet-žurnallary, kitaplary agtaranym sebäpli ynamly aýdýaryn.

Okap bilersiňiz  Ejeme ugratmajak hatym

Gadym zamanda gündogarly bir akyldar şägirtlerine şeýle sorag bilen ýüzlenýär:

-Älemde iň ýakymly, iň üýtgeşik, ajaýyp ys haýsy janly mahlukda bardyr?

Şägirtleriň her biri dürli atlary tutýar. Halypa şägirtleriniň beren jogaplaryndan kanagatlanman, çetde kitaba gümra bolup oturan ýigide kineli seslenýär:

-Taňrynyň sadyk guly, muny senem bileňokmy?

Halypasynyň özüne ýüzlenýändigini aňan şägirt okap oturan kitabyndan ýüzüni sowup, howul-halat söz alýar:

-Bagyşla, tagsyr, beýlekileriň öňüne geçmäýin diýip saklandym. Nobat bize ýeten bolsa ol-a, halypam, ynsan jigeriniň gül-gunçasy çagadyr. Allatagala çaga kysmy ysgap doýup bolmaýan täsin güli heniz döreden däl bolsa gerek.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan- ÝB: oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk

Halypa gözüne ýaş aýlap:

-Hudaýa şükür, ömrüm, azabym bihal geçmändir-diýip, ýaňky şägirdini gujaklaýar.

Hawa, çaga –ynsan jigeriň gül-gunçasy. Jaý aýdylan söz. Çaga-onuň gara gözüniň garasy, süýji janynyň töresi deý söýülýän, goralýan, guwanylýan, buýsanylýan eziz zady. Ýöne oňa gowy terbiýe berilmegini, gowy görelde görkezmelidigini hem unutmaly däldiris. Ýogsam bolmasa, «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilmezdi ahyry!

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Belli rus futbolçysynyň doglan güni

IŇ TÄZE HABARLAR

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...

Myhman ataňdan uly

Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär....

Dünýäniň öňdebaryjy kinoprokaty

“Artisan Gateway” maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý döwletiniň kinoteatrlarynyň umumy girdejisi eýýäm 1,988 milliard dollar barabar bolup, Demirgazyk Amerikada bolsa film prokat bazarynda bolsa...

“Çempionlar liga” duşuşyklarynyň gyzykly wakalary

“PSŽ” öz öýünde utuldy
Okap bilersiňiz  Türkmenistan halkara abraýly wezipä saýlandy
Fransiýanyň “PSŽ” topary “H “topaçasyndaky gijeki oýunda iňlis topary “Mançester Ýunaýtedden” 2-1 hasabynda ýeňildi. “Başakşehir” gowy oýun görkezdi, ýöne 4 minutda 2...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

HPG we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary...

Ýörite uçar gatnawlary dowam edýär

Türkmenistanyň hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli emele gelen çäklendirmeler zerarly daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirmegi dowam etdirýär. Ozal hem saýtymyz arkaly beren...

Türkmenistan koronawirusa garşy 10 million dollarlyk derman serişdesi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň başlygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannesepow bilen iş maslahatyny geçirdi. Iş...

Jemi 25 Baýrak Size garaşýar: Bäsleşik dowam edýär

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com     saýtynyň geçirýän  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy ýaly “Söýgi – durmuşyň özeni”! Habaryň Instagram Wideosy üçin şu...