8.9 C
Istanbul
09/07/2020 4:03
Home IŇ TÄZE HABAR Ýaragsyzlanmagyň ähmiýetini güýçlendirmek

Ýaragsyzlanmagyň ähmiýetini güýçlendirmek

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň işjeň häsiýeti bellenilip geçildi. Taraplar ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygynyň meseleleri babatynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giňledilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Ýaýradylmazlygyň, ýaragsyzlanmagyň we ýadro howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy guralyna öwrüljek Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň ähmiýeti barada gürrüň etmek bilen taraplar global mazmunda parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

BMG-niň esas goýujy halkara resminamalarynyň we konwensiýalarynyň, şeýle-de ýaragsyzlanmak ulgamynda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjy bolmak bilen Türkmenistanyň sebit hem-de global ölçegde bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.

Taraplar hünärmenleriň taýýarlygy, milli bilermenleriň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasy tarapyndan guralýan okuw sapaklaryna we tälim okuwlaryna gatnaşygynyň üpjün edilmegi, tehniki kömekleriň berilmegi bilen bir hatarda özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen-Türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

Telekeçiler : Nagt däl pullary nagt görnüşde çykdajy etmek

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi web saýtynda neşir edilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2020-nji 18-nji iýunyndaky 162-iş belgili buýrugy bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi...

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň dowam etmegi we halkara bileleşigi tarapyndan bu global ähmiýetli wehime garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler bilen baglylykda Türkmenistanyň...

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Ener­gi­ýa ho­ja­ly­gy we elekt­rik üp­jün­çi­li­gi. Hi­mi­ýa, ne­bi­ti we ga­zy...

TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we...

Türkmen-Türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary...

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Mag­lu­mat ul­gam­la­ry (oba ho­ja­lygyn­da). Dä­nä­ni sak­la­ma­gyň we gaý­ta­dan iş­le­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy. Yk­dy­sa­dy­ýet we...