No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 6:16
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Ýaponiýa syýahatçylara ýeňillik döreder

Ýaponiýa syýahatçylara ýeňillik döreder

Ýaponiýanyň hökümeti ýurtda syýahatçylyk pudagyny gaýtadan dikeltmek boýunça 12,5 milliard dollaryň haýryndan geçmekçi. Bu barada ýurduň iri syýahatçylyk agentlikleriniň biriniň wekili Hiroşi Tabata habar berýär.

«The Japan Times» neşiriniň habaryna görä, CОVID-19 pandemiýasynyň iýun aýyndaky täsirine görä, Ýaponiýada daşary ýurtly syýahatçylara iýulda gapylary açmak meýilleşdirlýär. Hökümet syýahatçylaryň has köp gelmegini üpjün etmek üçin olara birnäçe ýeňillikleri hem hödürlär. Mahlasy, Ýaponiýa indi geljek syýahatçylar gezelenç üçin ozalkysyndan az serişde harç ederler.

Aýdylyşy ýaly, syýahatçylyk pudagynyň tas durup galmagyna çenli gelen Ýaponiýa pudagy gaýtadan gülletmek üçin käbir daşary ýurtlaryň alyp baran işlerini özüne ýörelge edinmekçi. Mysal üçin, geçen aýda Italiýanyň hökümeti syýahatçylara uçuş peteginiň ýarym bahasyny we myhmanhana üçin tölegiň üçden birini tölejekdigini aýdypdy.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ýapon syýahatçylygyna uly mukdarda girdeji getirmegine garaşylýardy. Ýöne Oýunlaryň 2021-nji ýyla geçirilmegi bilen, hökümet bu pudagy gülletmegiň başga ýollaryny gözlemeli boldy.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýada syýahatçylyk 99,9 göterime çenli azaldy. Bu bolsa 1964-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň pes derejedir.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Altyn asyryň» yklym ýaryşyndaky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler

Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony «Altyn asyr» futbol toparynyň AFK-nyň kubogy ― 2020-niň çägindäki duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Aziýanyň Futbol konfederasiýasy özüne agza assosiasiýalaryň wekilleri...

Türkmenistan Russiýadan ýeralmanyň tohumyny satyn alar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan...

Duşuşyk başyna gol geçirip bilmedik hüjümçiler

“GiveMeSport” portaly, bu möwsümde iň köp duşuşyk geçirilen öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň (Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa, Angliýa) gol geçirip bilmedik hüjümçileriň sanawyny düzdi. “Liwerpulyň” oýunçysy Mohammed Salah...

Aşgabatdaky Aziýa çempionaty noýabra süýşürildi

Aziýa Futbol Konfederasiýasy resmi saýtynda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň täze seneleri barada resmi ýagdaýda habar berdi. Federasiýanyň hem ýazyşy ýaly, türkmen paýtagtyndaky yklym...