Üstünligiň syry nämede?

Muny bilmek üçin ilki bilen üstünligiň nämedigine we nähili  düşünjä uýýandygyna akyl  ýetirmeli bolýar. Aslynda  üstünlik  sözüniň “üstün” sözünden  düzülendigini nazara alsak, eger şeýle bolsa “üstün çykmak ” has  dogrusy “ýeňiş gazanmak, ýeňiji bolmak, ökde  gelmek “diýen manyny  berýär . Onda  üstünlik – bu durmuşdaky öz ýoluňda, öňüňde goýan  beýik maksadyňa, arzuwyňa  ýetmek üçin ädilen ilkinji we iň dogry, ynamly ädimiň bolup hyzmat  edýän  başarnykly hereketleriň aýdyň ýeňişli netijesidir .Haçan-da üstünlik ynsanyň yhlasynyň, güýjüniň we başarnygynyň, çeken zähmetiniň ygtybarly daýanjyna öwrülende adam özüniň öňünde goýan  maksady  sary dogry ýoldan barýandygyna göz ýetirip biler. Şübhesiz , siz dogry  ýoldan barýansyňyz….Edil şu ýerde “Eýsem üstünligi ýetmek üçin näme etmeli ” diýen sorag ýüze çykýar. Biz muňa-da jogap  taparys.

Aýdaly, biz durmuşy basgançak mysalynda göz öňümize getirsek, onda münmek üçin ätmegimiz zerur.Ýõne bir ätmek däl, özüňe bolan ynam bilen yhlasly hem başarnykly edilen hereket bizi basgançakdan-basgançaga elter.Diňe şonda bu ýolda erjelli, maksada okgunly, yhlasly, zähmetsöýer bolmalydygyna düşünersiň .

Ernest Hemingueý şeýle diýýär:”Adamlar hemişe bagta barýan gysgajyk ýoly gözleýärler. Beýle ýol ýok. Bir zady islemek bilen oňa ýetmegiň başga-başga zatdygyna akyl ýetireninde adam paýhaslanýar”. Hakykatdan-da şeýle. Islemek ýa arzuw etmek bilen iş bitenok. Eger çyn ýürekden isleýän bolsak, onda maksat sary barýan ýolda göreşmeli hem bolýar. Türkmenlerde şeýleräk bir aýtgy bar:”Çekilmez dert bolmaz, ýykylmaz-mert”. Elbetde. “Men başarmaryn” diýen sussupesligi öňe sürüp, başarnyksyz, ynamsyz ýoluň ýarsynda dursak, üstünlik bizi terk etmek bilen birlikde ýeňilendigimizi hem  alamatlandyrmazmy eýsem. Tersine, özüňe bolan ynam bilen aýgytly hereket edip, “Çynymy etsem men muny hökman başararyn” diýen düşünjäni beýnimize guýup, ony özümiziň baş şygarymyza öwrüp ahyra çen saklasak, biz islendik böwedi böwsüp bilmerismi? Şu sowaly özüňize berip  görüň we beýniňizde aýlaň. Jogap  tapdyňyzmy? Diýmek ýeňiş siziňki.

Emma bular ýeterlik  bolarmy? Ýok. Durmuşda , okuwda , işde tapawudy ýok üstünlik babatda öz maksadyň eýesi bolmak üçin irginsiz zähmet çekmeli. Sebäbi tüssesiz oduň, kötelsiz ýoluň bolmaýşy ýaly azapsyz ýeňiş hem ýokdur. Aňsatlyk bilen gazanylan üstünligiň bolsa  möhleti gysga bolýandyr. Diňe hakyky hem kynçylykly zähmetiň miwesi  datlydyr. Özüňi zähmetden halas etmek bolsa jenaýatdyr diýilýär. Çünki ähli  üstünlikleriň başynda zähmet bar. Irginsiz çekilen zähmet hiç wagt hem sylagsyz goýýan däldir. Hut şunuň üçin hem öwrenmegimiz, bilmegimiz derkar. Bilmek üçin köp  okamaly. Eýsem  aýdylyşy ýaly bize berilen ömrüň maksady hem  ahyrky nokada çenli öwrenmek dälmi?

Dünýä belli tanymallaryň ýeten sepgitleridir gazanan üstünlikleri hemmämizi buýsandyrýan bolsa gerek. Şonuň bilen bir hatarda haýran galýandygy hem  ikuçsyzdyr. Görnükli rus ýazyjysy Lew Nikolaýewiç Tolstoý öz ýazgylarynyň birinde:”Ýaşaýyşyň mazmunynyň iň gysga kesgitlemesi – dünýä hereket edýär, dünýä kämilleşýär; adamyň wezipesi – bu herekete goşulmakdyr.” diýip örän  ýerlikli belläp geçýär. Dogrudan-da dünýä bilen  kämilleşmek üçin  dünýä bilen  deň ädim ätmeli. Şu sözlerden şeýle netijä gelse bolar. Üstünligiň syry hem şunda. Hereket. Ynamly hem başarnykly hereket. Işjeňlik, yhlaslylyk, höweslilik, pikirlenmek ukyby bularyň bar üstünligiň syry bolup biler, ýöne bir zady bellemek gerek. Her bir edilen hereketiň arkasynda çekilen irginsiz zähmetiň miwesi, maksada okgunlylygyň, başarnygyň we erjelligiň netijesi, ynamyň hem yhlasyň subutnamasy bolan üstünlik ýatandyr.

Aslynda  parahat ,asuda ýurtda, bagtly  durmuşda ýaşaýandygymyz  biziň  iň uly üstünligimizdir. Her bir ýetilen üstünlik bize bagt eçilmek bilen çäklenmän, eýsem geljege ruhlandyrýar. Durmuşa we ýaşaýyşa bolan höwesiň has-da artýar. Şunlukda , ruhlanan ýürek bilen biz ýene täze -täze maksatlar sary ýol alarys. Munda bize üstünliklerden boý alan geljek garaşýar.

Onda näme edil şu wagt, şu pursatdan hereket edip başlaň. Wagt ýitirmäň, geçilen wagt dolanýan däldir. Diňe öňe ymtylyň. Ana şonda, üstünlik siziň hemişelik hemraňyza öwrüler.

Gözel Umarowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheri.

 

Ýene-de okaň

17-nji Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Goşa mukaddesligiň baýramy

Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahata gatnaşyjylara

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russia Halal Expo” sergisine aýlanyp gördi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy

Teýlor Swift britan ykdysadyýetine 1.2 milliard dollar gazandyrar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy Astanada geçiriler

16-njy Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Stambulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre

Türkmenistanda aklawçylaryň milli edarasy dörediler

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparlaryň 10-njy mejlisi geçirildi

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanow bilen duşuşdy