No menu items!
20/09/2020 22:53
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistanyň syýahatçylygy: Pekinde tanyşdyrylyş

Türkmenistanyň syýahatçylygy: Pekinde tanyşdyrylyş

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Halkara hyzmat we söwda (CIFTIS-2020) atly söwda ýarmarkasy geçirilýär. Bu söwda ýarmarkasynyň çäklerinde guralan Syýahatçylygy ösdürmek we hyzmatdaşlyk etmek boýunça Bütindünýä maslahatyna Bütindünýä syýahatçylyk şäherleri federasiýasynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew we söwda wekili Ş. Batyrow gatnaşdy.

Şu ýylyň 4-nji sentýabryndan 9-njy sentýabryna çenli adamlary gatnaşmagynda we onlaýn usulda geçirilen CIFTIS-2020 sergisine 18 müň hytaýly we daşary ýurt kärhanalaryndan hem-de edaralardan 100 müňden gowrak adam gatnaşýar. 8 tematiki pudakdan ybarat sergi 200 müň inedördül metr meýdanda ýerleşdirildi.

4-nji sentýabrda hyzmatlar söwdasy boýunça bütindünýä sammiti geçirildi, oňa tanymal syýasatçylar, halkara guramalarynyň wekilleri we dünýäniň 500 iri kompaniýasynyň wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy ýöriteleşdirilen hünärmenler gatnaşdy. Hytaýyň Başlygy Si Szinpin gatnaşyjylara wideo baglanyşygy arkaly ýüzlendi.

Türkmen Syýahatçylygy Tanyşdyryldy

Bu iri forumyň çäklerinde Syýahatçylygy ösdürmek we hyzmatdaşlyk etmek boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi. Oňa  BMG Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO), ŞHG we ITFG guramalarynyň wekilleri, Pekiniň häkimi we wise-häkimi, Türkmenistanyň, Kolumbiýanyň, Gruziýanyň diplomatlary, hyzmatlary hödürleýän dürli kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türkmenistanyň ilçisi, syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryna we diwersifikasiýa bagyşlanan forumyň jemleýji mejlisinde çykyş etdi, şeýle hem şertnama gol çekişlik dabarasynyň hormatly myhmany boldy.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň başlygy öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen giňişleýin özgertmelere we esasanam taryhy we medeni mirasyň ýadygärlikleri we tebigy gözel ýerleri bolan ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek çärelerine ünsi jemledi.

BMG Baş Assambleýasy milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, ilçi Türkmenleriň bitaraplyk modeliniň halkara gatnaşyklarynda nusga we sebitde durnuklylygyň möhüm faktoryna öwrülendigi nygtady.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň ilçisi WTCF-iň Baş sekretary Çen Dong bilen duşuşdy, bu ýerde özara gatnaşyklaryň geljegi we ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň gurama goşulmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Parahat Durdiýew, Çen Donga milli Liderimiziň hytaý dilindäki “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabyny sowgat etdi.

Bulary hem okap bilersiňiz

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ilatyň 1 göterimi nagt pul ulanýar

Koronowirus pandemiýasy döwründe nagt pul arkaly hasaplaşyklara girizilen çäklendirmeleriň Şwesiýada hemişelik dowam etdirilmegi mümkin. «Bloomberg» ýurduň nagt puldan ýüz öwürmeginiň mümkindigini ýazýar. Onsuz hem Şwesiýa...

Liriki oýlanma

Gyz kalby... Sen şeýle bir näzik, şeýle bir eziz. Seniň syrlaryň umman ýaly giňdir. Näme üçin gyz kalby şeýle bir syrly bolýar?  Näme üçin gyzlar...

Balkanabatly telekeçi miweçilik işiniň gerimini giňeldýär

Balkanabat şäheriniň gaýrasynda howalanyp oturan Uly Balkan dagynyň etegindäki «Düzmergen» diýen ýaýlada telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň miweli bagy bar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen «Oba hojalyk...

Durmuşy hakynda film surata düşürer

Dünýä belli estrada ýyldyzy Madonna durmuş hekaýasyny beýan edýän bir film surata düşürer. Filmiň edebi esasy aýdymçy tarapyndan ýazylar. Madonna: “Aýdylmadyk we ylham beriji...