No menu items!
20/09/2020 22:29
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanowy gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Minnihanowy gutlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türkmen döwletiniň Baştutany tatarystanly kärdeşini ýurtda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen ilkinjileriň hatarynda gutlady. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bilelikdäki ykdysady taslamalaryň geljegini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Aýdylyşy ýaly, türkmen-tatar gatnaşyklary mundan beýläk hem ýokary depginde dowam etdiriler.

Prezident Rustam Minnihanow mähirli gutlaglary üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çäksiz minnetdarlyk bildirdi we türkmen halkyna abadan ýaşaýyş baradaky arzuwlaryny ýollady.

Tatarystan Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda bu wezipeden ozaldan bäri işläp gelýän Rustam Minnihanow ýene-de sesleriň 83,28 göterimini alyp ýeňiş gazandy. Onuň kasam kabul ediş dabarasy 18-nji sentýabrda geçiriler.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Aşgabatda” öwsen Buenos-Aýres şemaly

Duýguçyl adamlar şeýle bolýar diýeýinmi, nähili diýeýin, bilemok, «guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýleni-dä. Arzuwsyz adam ýok, söýgüsiz durmuş! Arzuw bilen hyýal dälmi näme...

Teleýaýlym bäsleşiginiň taryhy rekordy

Angliýada ýaýlyma berilýän “Kim millioner bolmak isleýär” atly bäsleşikde rekord goýan Donald Fear, berlen sowallara dogry jogap berip, 1 million funt-sterling pul baýragyny almagy...

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

Umumy häsiýetnama  Kowus (Keman 23.11—21.12) döredijilikli, erkli ýyldyzdyr.  Halaýan reňki mawy. Üstünlik getirýän daşy — topaz. Bu ýyldyzyň astynda doglanlar “liderler”. Elmydama öwrenmeklige ymtylýar,...

Magtymgulynyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi

              Türkmenistanyň   Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow: ─ Magtymguly türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwletgurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi  bilen gulluk...