27/10/2020 13:28
Home BILIM Türkmenistanyň ilçisi Bülent Ejewit uniwersitetine baryp gördi

Türkmenistanyň ilçisi Bülent Ejewit uniwersitetine baryp gördi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Amanlyyew  halkara uniwersitet bolmak ugrunda möhüm ädimleri ädýän we dünýäniň köp ýurtlaryndan daşary ýurtly talyplara okamaga mümkinçilik berýän Bülent Ejewit uniwersitetine baryp gördi.

Türk metbugatyndaky habara görä, türkmen ilçisi bu saparynyň çäklerinde Bülent Ejewit uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Mustafa Çufaly bilen duşuşdy. Rektor ilçä türki döwletler bilen bir hatarda dünýäniň dürli ýurtlaryndan okamaga gelýän daşary ýurtly talyplara döredilýän giň mümkinçilikler barada maglumat berdi.

69 ýurtdan daşary ýurtly talyplary bir ýerde jemleýän bu ýokary okuw mekdebiniň köp medeniýetlilik ugruna uly ähmiýet berilýändigini bellän rektor dost we doganlyk ýurtlardan gelýän talyplara uly myhmansöýerlik bilen garaşýandyklaryny belledi.

Türkmen ilçisi bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hem-de bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi saparynyň çäklerinde Bülent Ejewit uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Köp sanly sport muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Russiýanyň dagystanly çempiony Habib Nurmagomedow sportuň başa baş göreş ugrundaky karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Ol muny özüniň iň...

Habib Nurmagomedowyň çempionlyk ýeňşi

Ýeňil agramda UFC ýaryşynyň çempiony hasaplanýan Russiýanyň dagystanly türgeni Habib Nurmagomedow amerikaly garşydaşy Jastin Getžini ýeňdi. Şeýlelikde Habib UFC çempionlyk derejesini gorap, ol sport...

Myhman ataňdan uly

Hormatly Prezidentimiz türkmenleriň asyrlar boýy häsiýetinde jemlenen, mirasa sarpa goýmagyň binýadyny çuňňur pelsepeçilik, özboluşly dünýägaraýyş manysyny “Myhmansöýüjilik türkmeniň ruhy-ahlak gözelliginiň ajaýyp keşbidir” diýip belleýär....

“Çempionlar liga” duşuşyklarynyň gyzykly wakalary

“PSŽ” öz öýünde utuldy Fransiýanyň “PSŽ” topary “H “topaçasyndaky gijeki oýunda iňlis topary “Mançester Ýunaýtedden” 2-1 hasabynda ýeňildi. “Başakşehir” gowy oýun görkezdi, ýöne 4 minutda 2...