No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 5:08
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy
Kerimguly Geldiýew
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy

Ertir, ýagny 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ne Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (WTO-World Trade Organization) agzalygy üçin döredilen Ýörite Hökümet Toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu mejlisiň gün tertibinde Türkmenistanyň bu hökümetara guramanyň düzümine ilkinji tapgyrda synçy hökmünde gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşmak we degişli maglumatlary taýýarlamak durýar. Ýörite Hökümet Topary 2019-njy ýylda döredildi. Türkmenistanyň bu gurama agzalygy öwrenmek meseleleri 2013-nji ýyldan bäri dowam edýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy bilen bagly alnyp barylýan işleri tamamlamak «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy»nyň hem maksatlarynyň biri bolup durýar.

Bütindünýä Söwda Guramasy 1995-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň 164-si agza bolup durýar. Bu ýurtlar dünýä boýunça söwdanyň 98% düzýär. Häzirki wagtda 24 ýurt synçy hökmünde bu gurama gatnaşýar.

Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň hyzmatdaşlygynda 2016-njy ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa we Köptaraplaýyn söwda ulgamy» atly Söwda syýasaty Forumy geçirildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çempionlar ligasynyň ökde tälimçisi

Şa topary bolan "Real Madrid" toparynyñ baş tälimçisi Zinedin Zidan, Çempionlar Ligasynyñ taryhy boýunça iñ gowy tälimçi diýip saýlanyldy. Zinedin Zidan Çempionlar ligasyny üç...

Koreýa Respublikasy :Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

“The Times Higher Education World University Rankings – 2020” sanawyna giren ýokary okuw jaýlarynyň atlaryny aýry-aýry ýurtlar boýunça Size ýetirmäne dowam edýäris. Öň www.atavatan-turkmenistan.com...

Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar

Daşary ýurtda alynan diplomy ykrar ettirmek üçin bildirilýän talaplary şu habar bilen Size ýetirýäris. Dünýäniň dürli künjeginde bilim almak we şol ýurtlardan alynan diplomlary...

Bir senede 3 önümi satuwa çykarar

Hytaýyň iň iri elektronika öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Xiaomi” 25-nji maýda täze 3 sany sowadyjyny alyjylara ýetirer. Bu sowadyjylar beýlekilerden bahasynyň amatlylygy we ýokary...