No menu items!
26/09/2020 4:38
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistandan Owganystana lukmançylyk kömegi

Türkmenistandan Owganystana lukmançylyk kömegi

Türkmenistandan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde berilýär. Munyň bilen baglanşykly Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejesinde hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Daşary işler ministrligine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde iberiljek lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bolsa ähli ýardamlary bermek tabşyryldy.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Akylly” dünýä üçin “akylly” gulp

Hytaýyň dünýä belli kompaniýalaryň biri bolan “Xiaomi” kompaniýasy özüniň yzygiderli tehnologik harytlaryny dünýä köpçüligine ýetirip durýar. Bu gezek kompaniýa özüniň “Xiaomi Automatic Smart Door...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

Ýatda galan transfer täzelikleri…

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlaryny häzirki wagtda badalga aldy. 2020-nji ýylyň transfer penjiresi 5-nji oktýabrda ýapylar, şu nukdaýnazardan ähli toparlar gyssagly öz düzümlerini güýçlendirmek üçin...

TNGIZT-den A-98 marka benzin üçin halkara bäsleşik

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy A-98 marka benziniň satyn alynmagyna degişli halkara bäsleşiginiň möhletini uzaldýar.   Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan 20 günüň dowamynda...