No menu items!
8.9 C
Istanbul
02/06/2020 11:54
No menu items!
Home DURMUŞ Türkmenistanda hususy habar saýtlarynyň sany köpelýär

Türkmenistanda hususy habar saýtlarynyň sany köpelýär

Häzirki günde ýurdumyz baradaky habarlary dünýä halk köpçüligine ýaýratýan hususy habar saýtlarynyň sany artýar, bar bolanlary hem has işjeňleşýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty bilen bir hatarda Orient, TürkmenPortal, Türkmenistan Biznes, Türkmenhabar we beýleki habar saýtlary soňky döwürde ýurdumyz we dünýädeki wakalar baradaky habarlary gyzgyny bilen okyjylaryna ýetirmek üçin tagalla edýärler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň  www.tdh.gov.tm saýty  we www.turkmenistan.gov.tm saýty eýýäm birnäçe ýyldan bäri giň okyjylar köpçüligine habarlary ýetirip gelýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň www.mfa.gov.tm saýty we Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň  resmi  saýtlary köp sanly hususy saýtlaryň esasy habar çeşmesi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň döwlet edaralaryna degişli birnäçe saýtlar bolsa, soňky döwürde has işjeňleşdi.  Şolaryň hatarynda  Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň www.milligosun.gov.tm,   Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň www.msy.gov.tm we  Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň www.turkmentv.gov.tm  saýtlaryny agzamak bolar. Bu sanawy has artdyrmak bolar, emma gysga seljermämiziň mowzugy hususy saýtlar bolanlygy sebäpli ýokardaky mysallar bilen saklanýarys.

Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň www.metbugat.gov.tm saýty bolsa, ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallarynyň pdf formatyndaky nusgalarynyň jemlenen ýeridir.

Şu ýerde Size Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň   14.05.2020 senesinde neşir edilen “Elektron tehnologiýalaryny ösdürmek üçin düzümleri we şertleri döretmek” baradaky teswiriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine degişli bölümini ýetirýäris.

“…Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi guramagyň degişli tertibi taýýarlanyldy. Resminamada öňde durýan wezipeleri çözmek üçin anyk çäreler we elektron görnüşdäki gazetleriň hem-de žurnallaryň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlendi.

Ýurdumyz  hakynda nädogry maglumatlara garşy has netijeli göreşmäge mümkinçilik

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirleriniň saýtlarynyň döredilmeginiň syýasy we ykdysady ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň giň internet giňişligini eýelemegi ýurdumyz hakynda nädogry maglumatlara garşy has netijeli göreşmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem saýt diňe bir ýazuw maglumatlaryny däl, eýsem, ses ýazgylaryny, anyk wagt esasynda wideorolikleri we beýleki maglumatlary bermäge mümkinçilik berer.

 Neşirýatyň  maliýe çykdajylaryny azaltmak

Gazetleriň we žurnallaryň sanly görnüşe geçirilmegi neşirýatyň maliýe çykdajylaryny azaldar. Kagyz, reňk tygşytlamaga, boş duran neşir enjamlaryny ýörite sargytlar boýunça girdejili esasda işletmäge mümkinçilik berýär.

Dünýä  media bazaryna çykmak

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň içerki maglumat bazarynda bäsdeşligi artdyrar we olaryň dünýä media bazaryna çykmagyna şert döreder.

Maglumat bazaryny umumylaşdyrmak düzgüni internet giňişligine çykarylýan maglumatlaryň Google, Yandeх, Yahoo, Baidu ýaly dünýäniň esasy internet saýtlaryna utgaşmagyny şertlendirer. Şeýlelikde, Diýarymyzyň metbugat neşirleri (gazetler we žurnallar) daşary döwletlerde ýurdumyz barada ýaýradylýan maglumatlardan ilki habarly bolmaklary üçin tiz ýagdaýda öz saýtlaryny döretmekleri maksada laýykdyr.

 Bar bolan metbugat neşirleri hiç hili çykdajysyz we kynçylyksyz neşiriň saýtlaryna taýýar kontenti çykaryp bilerler. Redaksiýalaryň öz saýtlaryny döretmekleri üçin hukuk esasynyň döredilendigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we web-saýtlary döretmegi üpjün etmek hakyndaky Karary hut şu meseläniň çözgüdine gönükdirilendir.

 Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda neşir edilýän ähli gazetleri we žurnallary bitewi internet-saýtda we ykjam aragatnaşykda bermek, her bir neşir üçin aýratyn elektron ugry üpjün etmek, müşderiler üçin onlaýn-abunasynyň mümkinçiliklerini döretmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde dünýä tejribesi öwrenilýär we bu ugur boýunça sanlylaşdyrmagyň taslamasy taýýarlanylýar…”

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji...

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin...

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Kasemironyň şertnamasy uzadyldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Kasemironyň hyzmatdaşlygy dowam ederler. Kasemironyñ “Real Madrid” bilen şertnamasy 2023-nji ýylyñ 30-nji iýunyna çenli uzaldyldy we bu karar birnäçe...

Türkmenistan bilen Astrahanyň hyzmatdaşlygy berkeýär

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Ýu.Babuşkiniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Işjeň...

Maýyň ahyrynda Ukrainada gar ýagdy

Şu ýylyň 26-njy maýynda Ukrainanyň Karpati daglarynda gar ýagdy ― diýip, ýerli metbugat habar berýär. Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet hyzmatlary guramasynyň habaryna görä,...

Awtoulag önümçiliginde güýçler birikdirilýär

“Renault-Nissan” awtoulag bileleşigi çykdajylary azaltmak we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak maksady bilen täze teklibi yglan etdi. Täze teklip edilen taslamanyň çäginde 2025-nji ýyla çenli “Renault”,...