No menu items!
20/09/2020 22:36
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan owganara gepleşiklerine gatnaşdy

Türkmenistan owganara gepleşiklerine gatnaşdy

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde 30-a golaý ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň hem-de “Talyban” hereketiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda owganara gepleşikleri başlandy.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň baştutanlygynda gepleşikleriň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy durmuşa geçirmek boýunça hereketleri goldaýandygyny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň ýüze çykýan meseleleriň diňe diplomatiki we syýasy gurallar arkaly çözülmeginiň hemişe tarapdarydygyny nygtady we özüniň syýasy giňişliginde gepleşikleri geçirmek arkaly ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.

OWGANYSTANYŇ YKDYSADY ÖSÜŞINE GOŞANT

Şeýle hem dürli ugurlardaky, hususan-da enegetika, ulag, aragatnaşyk we senagat ulgamlarynda iri infrastruktura taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Owganystanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ähmiýeti babatynda bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň TAPI we TAP taslamalaryna gatnaşmagy bilen demirýol gatnawlarynyň ösdürilmegine goşandy, şeýle-de bu ýurda ynsanperwer kömeginiň möhüm orny barada nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmekde Türkmenistanyň beýleki hyzmatdaş ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýardygy barada bellenilip geçildi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Soňky 5 ýylda 3-nji rekord

Alymlar tarapyndan alnan maglumatlara görä, global ýylylygyň täsiri ýylsaýyn artýar. Temperatura habarlarynda berilýän maglumatlaryň derejesi her ýyl diýen ýaly artýar. Şeýlelikde ABŞ-da işleýän resmi...

“Joker” filmleri üçin 50 million dollar teklip

“Iň gowy aktýor” diýen ugurda Oskar baýragyna mynasyp bolan Hoakin Fenikse “Joker” filminiň dowamy üçin 50 million dollar teklip edilendigi öňe sürüldi. Aktýora  “Joker...

Söýgüli Setirler: Ähli Söýgi Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  https://www.atavatan-turkmenistan.com/   saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirýän  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy öňem yglan edişimiz...

Türkmenistan bilen Saud Arabystany söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany...