8.9 C
Istanbul
16/07/2020 5:54
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan “Doing business” taslamasyna goşulmakçy

Türkmenistan “Doing business” taslamasyna goşulmakçy

Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň «Işewürligi alyp barmak» («Doing business») taslamasyna goşulmagy Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamak we seljermek arkaly tutuş dünýä boýunça telekeçilik işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin ygtybarly esasy döretmekden ybaratdyr.

Sebit hem-de ählumumy ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşdyrylmagyna gönükdirilen oýlanyşykly daşary syýasy strategiýasy ýurdumyzy işewürlik bähbitleriniň, maýa goýumlarynyň we täzeçillikleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de oňyn tejribäniň özüne çekiji merkezine öwürýär.

Şunda kiçi we orta telekeçilik üçin oňaýly işewürlik ýagdaýyny döretmek maksady bilen, iri halkara hem-de sebit maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen telekeçileri bar bolan mümkinçilikleri hem-de döwlet tarapyndan döredilen şertleri netijeli ulanyp, iş ýüzünde özleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny subut edýärler, hususy işewürligiň hojalygy ýöretmegiň has netijeli usullarynyň biridigini tassyklaýarlar.

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, statistika, ulag, bank we maliýe toplumlarynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, teklip edilýän taslamanyň ähmiýetini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Boksçylaryň reýtingi: Saul Alvarez

Kanadanyň MMA portaly, agram derejesine garamazdan boksçylaryň reýtingini mälim etdi. Birinji orunda Saul Alvarez. Ikinji orunda ukrainaly Wasili Lomaçenko, üçünji orunda bolsa Iňlis türgeni...

Nursultan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti - Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň...

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tarapyndan habar berilmegine görä,  her bir adamyň dem alyş ýollary üçin niýetlenen lukmançylyk şahsy goranyş...

Infokommunikasiýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi 2020/2021-nji okuw ýy­ly üçin aşak­da­ky hü­när­ler bo­ýun­ça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär. Buhgalterçilik işi...