22/10/2020 9:01
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika, ulag pudagynda, ekologiýa düzüjileri nazara almak bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek pudagynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi barada aýdyldy. Bilelikdäki işi häzirki ýagdaýlara we wehimlere, şol sanda global pandemiýa döwründäki şertlere uýgunlaşdyrmagyň zerurlygy barada bellenip geçildi. ÝTÖB özüniň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem ýardam berjekdigini tassyklady.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek barada pikir alyşdylar hem-de gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli pudaklary boýunça mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.
Okap bilersiňiz  Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy
Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Ýylyň iň oňat nyşany” taýýarlamak boýunça bäsleşik

TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ­ ME­DE­NI­ÝET­ MI­NISTR­LI­GI Türk­me­nis­ta­nyň­ baş­lan­gy­jy esa­syn­da­ Bir­le­şen­ Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň­ Baş­ As­samb­le­ýa­sy ­ta­ra­pyn­dan­­ «Hal­ka­ra ­pa­ra­hat­çy­lyk ­we­ yna­nyş­mak ­ýy­ly»­ diý­lip ­yg­lan­ edi­len­ 2021-nji ­ýy­lyň­ iň ­oňat ­ny­şa­ny­ny ­taý­ýarla­mak­ bo­ýun­ça BÄS­LE­ŞIK yg­lan ­ed­ýär Bäsleşigiň...

Baky ýaşarlar

Yşk, söýgi! Biziň türkmen  halkynda bu tema degişli ata-babalarymyzdan galan diýseň baý mirasymyz  bar. Söýgä diňe birtaraplaýyn seretmeli däl. Söýginiň özi hem ägirt  uly...

Ýewropanyň futbol çempionatlaryna syn…

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary futbol janköýerlerini has-da gyzyklandyrýar. Esasan hem köplenç hepdäniň şenbe hem-de ýekşenbe gününde oýnalýan duşuşyklar “mawy ekran” arkaly hem köp sanly...

Söýgi bu üstünligiň gözbaşy

Söýgi bu-tebigy, ruhy meýilli adamlary ýakynlaşdyrýan we baglanyşdyrýan işjeň güýçdir. Bu duýgy ynam, dostluk, baglanyşyk, duýgudaşlyk we rehimdarlyk ýaly duýgylar ýaly möhüm rol oýnaýar....