8.9 C
Istanbul
06/07/2020 9:11
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan bilen Eýranyň jedelli gaz meselesi boýunça arbitraž karary

Türkmenistan bilen Eýranyň jedelli gaz meselesi boýunça arbitraž karary

Halkara Arbitraž kazyýeti, Eýranyň Milli Gaz kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky tebigy gaz bergisi bilen baglanyşykly jedelli mesele babatda iki tarap üçin hem karar kabul etdi. Bu barada Eýranyň öňdebaryjy habar beriş serişdeleri belläp geçýärler.

“Orient.tm” habarlar gullugynda hem bellenilip geçilişi ýaly, Halkara Arbitraž kazyýeti, Eýranyň Milli Gaz Kompaniýasy (NIGC) bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasyndaky jedelli mesele boýunça seljerme işlerini geçirdi we kazyýet düzgünlerine laýyklykda, kabul edilen kazyýet kararynyň oňa gatnaşýanlaryň razylygy bolmazdan mälim edilmeýändigi bellenilýär.

Şeýle hem Eýranyň ýaş žurnalistler toparynyň ýurduň Eýranyň Nebit ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp ýaýradan habaryna görä, Halkara Arbitraž kazyýetiniň bu kararyna öz garaýşyny we pikirini beýan eden Eýranyň Nebit ministrliginiň metbugat beýanatynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň arasyndaky kazyýet işinde ýeňiji ýa-da ýeňlen tarapyň ýokdugy, munuň söwda kazyýet işidigi bellenilip geçilipdir.

Eýran tarapynyň pikirine görä, kararyň dürli taraplary bolup, käbir ýagdaýlarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garaýyşlary tassyklanýar, käbir halatlarda bolsa Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň pikirleri goldanylypdyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministrliginiň metbugat beýanatynda “Bu karar iki dostlukly we goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşar” – diýip bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýran köp ýyllardan bäri energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ýöne soňky ýyllarda Eýranyň milli gaz kompaniýasy (NIGC) ikitaraplaýyn şertnamalara laýyklykda Eýran tarapyna berilýän türkmen tebigy gazy üçin töleglerini amala aşyrman, gaty uly möçberde bergi emele getirdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Eýranyň wekilleri bilen tebigy gazy üçin bergi meselesi boýunça geçirilen gepleşiklerde belli bir karara gelmegiň mümkin däldigini mälim edipdi. Bilelikdäki we özara kabul ederlikli kararyň kabul edilmegi üçin taraplar halkara arbitraž kazyýetine ýüz tutmak kararyna gelipdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan biri hasaplanýan “Barselona” toparynyň futbol taryhyndaky 9000-nji goly hasaba alyndy. Bu gol “Barselona” bilen “Wilýareal” toparlarynyň arasyndaky 34-nji tapgyryň duşuşygynda bolup...

“Zenit” Russiýanyň çempiony boldy

Russiýanyň futbol boýunça ýokary ligasy bolan “Premier Liganyň” 2019-2020-nji möwsümdäki çempiony mälim boldy. Ol hem “Zenit” toparydyr. “Zenit” topary çempionatyň 26-njy tapgyrynda myhmançylykda “Krasnodar” toparyny...

Süleýman Demirel Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Süleýman Demirel uniwersiteti attestat bahalaryň netijesine görä synagsyz ýokary okuw jaýyna kabul edýär. Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demireliň adyny göterýän bu Uniwersitet Isparta şäherinde...

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Türkmen milli saz gurallary. Kirişli saz gurallary. Üflenip we kakylyp...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Ne­bit, gaz kän­le­ri­niň en­jam­la­ry­na teh­ni­ki hyz­mat et­mek we ola­ry abat­la­mak. ...

Bekhamyň awtoulagy satuwa çykdy

Deýwid Bekhamyň haçan-da "Real Madrid" toparynda oýnap ýören wagtlarynda süren awtoulagy satuwa çykaryldy. 2003-nji ýylda Bekham "Real Madrid" toparynyň agzasy wagtlary öz awtoulagyny Angliýadan...

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Hünärmenleri taýýarlamagyň ugry: Oba, tokaý we balyk hojalygy...

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti taýýarlygyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär: Magistraturada okuwlar tölegli esasda, iňlis dilinde alnyp barylýar. Magistratura...