No menu items!
23/09/2020 12:20
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygy berkeýär

Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygy berkeýär

2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11 aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi. Bu barada ÝUNISEF-iň ýaýradan metbugat habarnamasynda bellenilip geçilýär.

ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we amala aşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň hökümete goldaw bermek bolup durýar.

Takmynan 7,5 million ABŞ dollary bolan bäş ýyllyk býujet bilen täze ýurt maksatnamasy dört ugurda, ýagny çagalar üçin dolandyryş; çaganyň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi; çaganyň goragy; we ýokary hilli bilim ýaly ugurlarda netije gazanmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hyzmatdaşlyk etmegiň täze ýurt boýunça maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň goldawyny belläp geçdi. Hanym Ataýewa öz çykyşynda ýerine ýetiriji komitetiniň agzalaryna ýurduň çagalaryň hukugyny goramakda alyp barýan işi babatynda, şeýle hem saglyk, bilim, çaganyň irki ösüşi, goragy we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda çagalar üçin ýokary netijelere ýetmekde Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝUNISEF-iň ýakyn hyzmatdaşlygy babatynda maglumat berdi.

Ýerine ýetiriji komitetiniň sentýabr aýynda geçirilen nobatdaky mejlisinde COVID-19 keseli döwründe her bir çaga üçin sanly bilim mümkinçilikleriniň döredilmeginiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNISEF-iň dünýä ýüzündäki maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine, baha berilmegine we hyzmatdaşlygyna seredildi.

ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For öz ýüzlenmesinde ÝUNISEF-iň COVID-19 döwründe çagalar üçin degişli netijeleri bermäge ygrarlydygyny gaýtalady. Hanym For “Pandemiýanyň kynçylygy, geljekde millionlarça çagalar we ýaşlar üçin ÝUNISEF-iň güýçlenmegi bilen baglydyr” diýip belläp geçdi.

Ýerine ýetiriji komiteti – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň umumy görkezmesine laýyklykda gurama hökümetara goldawy berýän, gözegçilik edýän ÝUNISEF-iň dolandyryjy edarasydyr. Ýerine ýetiriji komiteti ÝUNISEF-iň işine syn berýär we onuň syýasatyny, ýurt meýilnamalaryny we býudjetlerini tassyklaýar. Türkmenistan bilen birlikde onuň 2020-nji ýyldaky geňeşine 36 agza gatnaşdy.

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen milli şaý-sepleri

Türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Türkmen aýal-gyzlarynyň şaý-sepleri özüniň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmen ussalary beýleki halklaryňka meňzemeýän ajaýyp...

Telekeçilere goldaw: Telekeçilik işiňizi tölegsiz tanyşdyryň

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny — telekeçiligi ösdürmek ugurnda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümindäki hususy wekiliýetiň agzalarynyň...

Dünýäniň iň gowy halkara hüjümçisi

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan “dünýäniň iň gowy halkara hüjümçisi” baýragyna...

Taryhda şu gün – 22-nji sentýabr

Hormatly okyjylar! Geliň, şu senede ýagny 22-nji sentýabrda taryhda bolup geçen wakalar bilen tanyş bolalyň. Eger-de siz taryhy wakalary, hepdelik täleýnamalary we gyzykly ýerli...