No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:56
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan- Azerbaýjan: Telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistan- Azerbaýjan: Telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigine ynam bildirdiler.

Taraplar ähli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändiklerini belläp, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, açyklyk esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly we sazlaşykly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklara, iki goňşy halky baglanyşdyrýan umumy ruhy hem-de medeni gymmatlyklara esaslanýar. Munuň özi iki halkyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny aňladýar. Ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň bar bolan ýokary derejesi hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň çemeleşmeleriniň we eýeleýän ornunyň ýakynlygy netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýat bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek hem-de doganlyk halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dünýä bileleşigi üçin çynlakaý synaga öwrülen we halkara durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus ýokanjyna garşy göreşde öňüni alyş işleri ýaly möhüm meselä deglip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary bilelikde ýeňip geçmek üçin täze başlangyçlary we çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Şunlukda, milli Liderimiz ýakynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň öz wagtynda guralandygyny we wajypdygyny aýtdy. Şonuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgesini işjeňleşdirmäge ýardam eder. Onuň netijeli peýdalanylmagy söwda gatnaşyklarynyň berkidilmegine, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam eder.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz birek-birege goldaw bermegiň we bilelikdäki anyk işleriň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň kepiline öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Gurban baýramy mynasybetli özara gutlaglary aýdyp, birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çomuç Toşabynyň Tagamy

Könelerimizden rowaýat kysmy şeýleräk gürrüň galypdyr. Daňyň alagaraňkysynda sähraýy türkmen obalarynyň ýaňy çetinden girip ugran bet niýetli gaýry ýurtly alamançylaryň ummasyz çomuç tokaýlygyny görüp,...

Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-biregi mukaddes...

«BOSS» ― täze witaminli içgi

Türkmenistanda witaminli içgileri öndürijileriň hataryna telekeçi Meretguly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhana hem goşuldy. «Ak Ýol» söwda belgili kärhana «BOSS» atly täze witaminli içgisini önümçilige...

Habib soňky tutluşygyny kim bilen geçirer?

Habib Nurmagomedow karýerasyndaky soňky tutluşygyny kanadaly Jorj Sen-Pýer bilen geçirmegi mümkin. Bu barada UFC-niň dolandyryjysy Deýna Uaýt «Twitterdäki» şahsy hasabynda ýazdy. «Konor jogap tutluşygynyň geçirilmegini isleýär....