No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 10:46
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmen we Türk Liderleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmen we Türk Liderleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler bu nurana baýramyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýandygyny belläp, Gurban baýramynyň musulman jemgyýetinde mundan beýläk-de özara düşünişmek, parahatçylyk döredijilik we birek-biregi goldamak däplerini hem-de ýörelgelerini has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy doganlyk döwlet bolmak bilen, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ugurda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň we zerur bolan halatynda degişli goldawy bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň doganlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, iki ýurduň we dostlukly halklaryň rowaçlygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasy bilen bagly meselä deglip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligini pandemiýa garşy göreşde doly goldaýandygyny nygtap, anyk netijeleri gazanmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary işläp taýýarlamakda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Rejep Taýyp Ärdogana döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi we şahsy goşandy, şeýle hem ýurdumyza iberilen lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany hökmünde garaýarys.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ýene-de birek-biregi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, bagt hem-de üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Haker hüjümi: Instagramdan soňra Saýtymyza hüjüm

Ýadyňyzda bolsa ýakynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi @atavatanturkmenistan Instagram hasabyna haker  hüjümi bolupdy we hasabymyzy gysga wagtlyk ele geçirlipdi.  Tehniki toparymyzyň wagtynda eden...

Zenan syýahatçylardan täze rekord

Beýik Britaniýaly iki zenan iki adamlyk welosipedde dünýäniň aýlanyp çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Täsinlik neşiriniň wekilleri bu syýahatyň esasy aýratynlygy hökmünde onuň gysga...

TMCELL-de täzelik: wideo jaň

Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk operatory bolan «Altyn asyr» öz hyzmatlarynyň hataryna wideo jaňlary hem goşdy. Bu barada TMCELL resmi saýtynda hem habar berdi. Wideo jaňdan peýdalanmak üçin...

Akmyrat Rejepow : «Ol şirwan perdäňe, galsana bagşy!»

Dessançy bagşy diýilse, Aşyk Aýdyň piriň mekany ýurdumyzyň demirgazyk sebiti Daşoguz welaýaty göz öňüňe gelýär. Ýedi aşygyň goluna gazma dutaryny aldyran, Görogla gyratynyň üstünde...