27/10/2020 14:21
Home BILIM Türkmen talyby Belarusyň wise-çempiony

Türkmen talyby Belarusyň wise-çempiony

Türkmenistanly talyp Belarusyň pankration çempionatynda kümüş medal gazandy

Ýakynda Molodeçno şäherindäki sport toplumynda pankration boýunça Belarus Respublikasynyň çempionaty geçirildi. Oňa türkmenistanly talyp ýigit hem gatnaşyp, ýurduň wise-çempiony bolmagy başardy.

Belarusyň Pankration we başa-baş söweş sungaty federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, biziň ildeşimiz — talyp ýigit Abdylla Taýhanow 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Ol finalda ýerli türgen Rustam Mohammadudan asgyn gelip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bürünç medaly bolsa ýene bir ýerli türgen Denis Beloglazow eýeledi.

Ozal karate bilen meşgullanan Abdylla Taýhanow Türkmenistanyň milli ýygyndyndysynyň hatarynda baýrakly orunlara hem mynasyp boldy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan bilen BAE energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow,...

Dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy yglan edildi

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi ýene-de dünýäniň iň gymmat awtoulag markasy adyna eýe boldy. “Interbrand” gullugyna salgylanyp, “Dünýäniň iň gymmatly 100 markasy” ýyllyk sanawyna birnäçe awtoulag...

“Commerzbank”: Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Germaniýanyň “Commerzbankynyň” şahamçasynyň...

Iki men

(Oýlanma)  Ynsan-ha däl, asyl islendik janly-jandara mähir bilen garasaň, olar hem saňa şol duýgy bilen garşylyk görkezýär. Biz oňa olary öz bolşy ýaly kabul edip,...