8.9 C
Istanbul
10/07/2020 6:20
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmen-german hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Türkmen-german hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň Müdirliginiň başlygy jenap Oliwer Hermes «German ykdysadyýetiniň umumy kesgitlemesi, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de pandemiýa bilen baglylykdaky dünýädäki ýagdaýlar» temasy boýunça çykyş etdi. Gepleşikleriň çäklerinde ýurdumyz bilen özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary we wirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýetirip biljek täsirleri kesgitlenildi.

Duşuşygyň çäklerinde şonuň ýaly-da Türkmenistanyň suw hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen «UMAX Trade» taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar  «UMAX Trade» tarapyndan berilen tekliplere hem-de ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygyň netijeli durmuşa geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bu babatda ileri tutýan ugurlaryna seredip geçdiler.

Taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda işjeňleşdirilmegi boýunça ylalaşdylar we bu ugurda 2021-nji ýylda Türkmenistanda indi 7-nji gezek geçiriljek GFR-niň Ykdysadyýet günleriniň geçirilmegi teklip edildi, nemes kompaniýalarynyň we türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleriň ýygjamlaşdyrylmagyna hem seredilip geçildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň,...

Göterip bolýan serginlediji öndürdi

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy adamlaryň ýanynda götermegine mümkinçilik berýän kinniwanja serginlediji öndürdi. Ony geýýän futbolkaňyzyň jübüsinde hem göterip bolar. Bu enjam adamyň bedeniniň gyzgynlygyny 23...

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 13-nji iýulda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň, eminleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. Maslahatda milli çempionatymyzyň birinji we ikinji aýlawynyň...

Diňe 19 sanysy öndüriler

Italiýanyň kaşaň sport ulaglaryny öndürýän “Lamborghini” kompaniýasy “Lamborghini Sion Roadster” görnüşini tanyşdyrdy. Bu ulagyň “Lamborghini” kysymly ulaglaryň üsti açyk görnüşiniň iň güýçli ulaglarynyň biri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Aşraf Hakimi indi “Inter” toparynda

Futbol äleminde transfer möwsümi başlady. Häzirki wagtda transfer gyzgalaňly alnyp barylýar. Dünýäde futbol äleminde meşhur toparlaryň biri bolan "Real Madridiň" oýunçysy Aşraf Hakimi indi...

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine kabul edilşik

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry (hü­när­leri): Oba, to­kaý...

Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar

Belgiýanyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Energetika Hartiýasynyň sekretariaty tarapyndan Energetika Hartiýasyna Ylalaşygy (EHY) döwrebaplaşdyrmak boýunça wideomaslahatlar görnüşinde geçirilýän gepleşikleriň birinji tapgyryna ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de...

DÖWLETMÄMMET AZADY ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI DÜNÝÄ DILLERI INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti taýýarlygyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär: Magistraturada okuwlar tölegli esasda, iňlis dilinde alnyp barylýar. Magistratura...