No menu items!
26/09/2020 4:26
No menu items!
Home DURMUŞ Türkmen alymlary üzärligi briket görnüşine getirdiler

Türkmen alymlary üzärligi briket görnüşine getirdiler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary üzärligiň himiki düzümi, şol sanda jemgyýetçilik arassaçylygy hem-de saglygy goramak çärelerinde tüsseletmek arkaly ulanylanda, üzärlikden tüsse bilen bölünip çykýan esasy önümleriň haýsy birleşmelerden emele gelýändigini ylmy tarapdan öwrendiler. Netijede, tüsseletmäniň dowamynda ösümlikdäki garmin alkaloidiniň tüsse arkaly bölünip çykýandygy anyklanyldy. Garmin alkaloidiniň jemgyýetçilik arassaçylygy hem-de saglygy goramak çärelerinde we beýleki maksatlar üçin ulanylanda, täsiriniň bardygyny bellemek gerek.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, üzärlik ýakylanda emele gelýän tüssäniň himiki düzümi institutymyzyň garamagyndaky ýöriteleşdirilen «Suw, toprak, howa» KAMAZ kysymly göçme barlaghanada oturdylan häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen öwrenildi. Geçirilen barlag-seljerme işleriniň esasynda, üzärlik ýakylanda emele gelýän tüssäniň düzüminde ozonyň mukdarynyň adaty howada bolmalysyndan 20 esse ýokarydygy anyklanyldy. Ol howany zyýansyzlandyrmakda, agyz we akar suwlary zyýansyzlandyrmakda, patogen mikroorganizmleri, kömelekleri zyýansyzlandyrmakda, lukmançylyk gurallaryny we enjamlaryny arassalamakda (sterilleşdirmekde) hem-de adamlaryň immunitetini ýokarlandyrmakda giňden ulanylýar.

Üzärlik tüssesini netijeli peýdalanmak boýunça geçirilen ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesinde, adaty üzärlik ösümligini ilkinji gezek, hiç hili goşundysyz, belli bir basyş astynda dykyzlandyryp, briket görnüşine getirmek usuly işlenip düzüldi. Üzärlikden ýasalan brikedi tüsseletmek arkaly otaglary zyýansyzlandyrmak mümkindir. Briketlenen görnüşde onuň deslapky bejeriji häsiýetleri saklanyp galýar. Üzärlik ösümligini briketleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan «Üzärlik (pengamin harmala) ösümligini briketleşdirmegiň usuly» atly oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alyndy. Üzärligi briketleşdirmek usulynyň esasy maksady ýylyň ähli paslynda, islendik ýerde tüsseletmek arkaly, bu melhemlik ösümligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Dürli keselleriň öňüni almak bilen baglylykda, üzärlik briketiniň önümçiliginiň senagat derejesinde ýola goýulmagy içerki sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmaga we ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Barselona” topary: transfer habarlary

Ýakynda “Barselona” iki sany oýunçysynyň transferini amala aşyrdy. Olaryň biri dünýä belli futbolçy, toparyň hüjümçisi Luis Suarez bolup, beýlekisi toparyň goragçysy Nelson Semedudyr. Türkmenistan, Türkmenistan...

Köwata gowagy we köli- gezelenje geliň!

Köwata gowagy ýerasty kölli bolup, ol Türkmenistanyň paýtagty  Aşgabatdan 90 km günbatarda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär. Gowagyň töründe, esasy girelgeden 60 m aşakda, uzynlygy...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

Elektrik we sürüjisiz ýük awtoulaglaryny tanyşdyrdy

Hytaýyň Döwlet eýeçiligindäki “First Automotive Works” (FAW Jiefang) ýük awtoulag öndüriji kompaniýasy sürüjisiz agyr ýük awtoulaglaryny görkezdi. Kompaniýa täze sürüjisiz “L3”, “L4” we “J7”...