No menu items!
23/09/2020 12:52
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR “Toyota”-dan 800 million dollarlyk gazna

“Toyota”-dan 800 million dollarlyk gazna

2020-nji ýylyň başynda geçirilen “CES” ýarmarkasyna gatnaşan ýapon awtoulag öndürijisi “Woven City” atly akylly şäher taslamasy barada ilkinji gezek çykyş etdi. Ýylyň başynda Ýaponiýanyň “Woven City” atly akylly şäher taslamasyny hödürlän “Toyota”, şol şäher üçin 800 million dollarlyk gazna döretdi.

Ýapon awtoulag ägirdi köne zawodynyň döredilen 175 gektar ýerinde iň täze tehnologiýalaryň synag edilýän akylly şäherini döreder. Kompaniýa bu şäherde awtonom ulaglary, innowasion köçe dizaýnlaryny, akylly öý we robot tehnologiýalaryny we täze hereket önümlerini synagdan geçirer. Bu synaglaryň hemmesinde şäherde ýaşaýan adamlar gündelik işlerini dowam etdirerler.

Meşhur Daniýaly binagär Bjarke Ingels Fuji dagynyň eňňitlerinde gurulmagy meýilleşdirilýän şäheri dizaýn eder. Bu şäherçede 2 müň adam ýaşar we köpüsi “Toyota” -yň işgärleri we maşgalalary bolar. Şäheriň ähli energiýa zerurlyklary “Toyota” -yň wodorod ýangyç öýjük tehnologiýasy bilen üpjün ediler.

“Toyota” tarapyndan döredilmeli akylly şäheriň bahasy, şäherde ýaşamak üçin adamlary nädip saýlamalydygy we arzalarda haýsy ölçeglere baha beriljekdigi barada maglumat heniz aýdylanok.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň...

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Ol bilmelidi

   Nätanyşdy ýowuzlyk, gazap ýaly söýgä garşylykly ýakymsyzlyklar bilen. Ilkinji gezek çaga duýgylary bilen söýen mähriban ejesinden duýupdy olaryň ýakymsyz tagamyny. Mekdebe ilkinji gezek...

Pakistanda TOPH taslamasynyň gurluşygyna başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda soňky ýyllarda dostlukly, ynamdar...

Türkmenistanda düşek önümçiligi ýola goýuldy

«Aýbölek» mebel fabrigi dürli görnüşli mebeller bilen birlikde ýokary hilli düşekleriň (matras) hem önümçiligini ýola goýdy. Bu önümçilik boýunça ýörite kärhana Ak bug­daý et­ra­by­nyň...