No menu items!
23/09/2020 12:40
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Tennisiň ägirtleri belli boldy

Tennisiň ägirtleri belli boldy

Tennis sporty boýunça “US Open” çempionatynyň erkekleriň arasynda final duşuşygy geçirildi. Final duşuşykda Dominik Tim bilen Aleksandr Zwerew garşylaşdylar. Duşuşyk umumy hasap boýunça 3:2 hasaby bilen Dominik Timiň tarapyna tamamlandy. Şeýlelik bilen, 27 ýaşly Dominik Tim 1990-njy ýyllarda doglan tennisçileriň arasynda “Tuwulganyň” ilkinji ýeňijisi boldy. Çempionatdaky ýeňişi üçin Dominik 3 million amerikan dollar pul baýragyny aldy. 23 ýaşly Aleksandr Zwerew üçin “Uly tuwulga” ýaryşynda ilkinji final duşuşygy boldy. 2019-njy ýylda geçirilen “US Open” çempionatyň ýeňijisi Rafael Nadal bolupdy.

ZENANLARDA ÇEMPION OSAKA

Zenanlaryň arasynda “US Open” çempionatynyň final duşuşygynda ýaponiýaly Naomi Osaka bilen belarusly Wiktoriýa Azarenko garşylaşdylar. Duşuşykda 2:1 hasaby bilen Naomi Osaka ýeňiş gazandy. Eýýäm üç ýyl yzly-yzlyna ýaponiýaly türgen bu çempionatda ýeňiş gazanýar. ABŞ-nyň “US Open” 2020 çempionatynyň ýeňijisi üçin Naomi Osaka hasabyna 3 million amerikan dollar goşdy.

“Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, ýaponiýaly türgen ýylyň ýaryşlarynda (2019-njy ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň iýun aýyna çenli) 3,4 million baýrak gazandy. Muňa garamazdan, onuň mahabat şertnamalaryndan gazanjynyň has köpdügi mälim edildi.

Umuman, hemaýatkärler ýapon türgenine 34 million dollar harçladylar, jemi türgen 37,4 million dollar gazanyp, dünýäniň iň baý tennisçisi diýen adyna mynasyp boldy. 31 ýaşly belarus tennisçisi “Uly tuwulga” finalyna bäşinji gezek çykmagy başardy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Söýgi gudraty

Ynsan kalby hemişe öz söýgüsine ýetmek isleýär. Durmuşymyzyň bezegi, ertirki günümize aýgytly gadam basmagymyz üçin döreýän bu ajap duýgy her birimizde her dürli hem-de...

Italiýanyň ENI kompaniýasyndan bäsleşik

Gaz lift kompressorlaryny we dizel hereketlendirijini 15W40 belgili senagat çalgy ýaglary bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Bäsleşigiň möhleti 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabryna, sagat...

2020 ýyly üçin ykdysady çaklamalary

Türkmenistanyň 2020-2021-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamalary taýýarlandy. Bu barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi. Makroykdysady görkezijiler boýunça geçirilen seljermelere laýyklykda,...

7 ýyldan soň dolanyp geldi

Angliýanyň “Tottenhem” topary özüniň resmi internet sahypasynda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndan Garet Beýliň öz toparynyň düzümine goşulandygyny belläp geçdi. Futbol dünýäsinde uly umyt bildirilen, ýöne...