No menu items!
21/09/2020 0:34
No menu items!
Home BILIM Täze hünär boýunça 20 talyp bilim alyp başlady

Täze hünär boýunça 20 talyp bilim alyp başlady

Türkmen döwlet maliýe institutynda şu okuw ýylynda bakalawrlary taýýarlaýan täze hünär, ýagny halkara maliýe hünäri açylyp, oňa 20 talyp kabul edildi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, täze hünär boýunça bilim alýan talyplarda halkara maliýe gatnaşyklarynda ýüze çykyp biljek çylşyrymly meseleleri çözmek ukybyny kemala getirmek maksady bilen, olara maliýe, halkara walýuta-karz we maliýe gatnaşyklary, halkara töleg ulgamlary, gazna biržasy, maliýe hukugy, maliýe gözegçiligi, dünýä maliýe bazarlary, halkara maliýe we beýleki dersler boýunça döwrebap bilim berilýär.

Netijede, bu hünär boýunça bilim alan uçurymlar maliýe ulgamyna girýän düzüm bölekleriniň girdejilerdir çykdajylaryny we peýdasyny dolandyrmagy guramak, maliýe bazarynda hereket edýän döwlet we kärhana gymmatly kagyzlar boýunça girdejililigi hasaplamak, dünýä maliýe bazarynda hereket edýän halkara gymmatly kagyzlar boýunça amallary geçirmek, halkara maliýe gatnaşyklarynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, walýuta, gazna, şeýle hem maýa goýumlar bazarynda hereket edýän maliýe gurallarynyň netijeliligini kesgitlemek ýaly hünär başarnyklaryny ele alarlar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Aşgabatda” öwsen Buenos-Aýres şemaly

Duýguçyl adamlar şeýle bolýar diýeýinmi, nähili diýeýin, bilemok, «guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýleni-dä. Arzuwsyz adam ýok, söýgüsiz durmuş! Arzuw bilen hyýal dälmi näme...

Aw möwsümi täze ýyla çenli ýapyk

Ene tebigatyň goýnuna çykyp, aw awlamagy halaýan türkmenistanlylar söýgüli güýmenjelerini dowam etdirmek üçin täze ýylyň ilkinji gününe çenli garaşmaly bolarlar. Çünki «Türkmenistan» gazetiniň 2020-nji...

“Söýgi – durmuşyň özeni”

“Söýgi durmuşy many bilen doldurýar, manynyň peýda bolmagy bilen gelejek hem  peýda  bolýar.”                        ...

“Apple”-iň täze tehnologik enjamlary

Amerikanyň tehnologiýa kompaniýasy “Apple” geçen agşam özüniň täze önümlerini görkezdi. Täze önümleriniň tanyşdyrylyş çäräsi bir sagat dowam etdi. Jemi 4 täze tehnologik enjamlar köpçülige...