No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 3:46
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Taryhy mekanyň gadymy pullary

Taryhy mekanyň gadymy pullary

Türkmenistanyň çäklerinde resmi taýdan hasaba alnan ilkinji pul hazynasy 1887-nji ýylda Merw oazisiniň Talhatanbaba obasynda ýap gazylýan wagtynda tapylypdyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, 1887-nji ýylda Murgap jülgesinde rus patyşasynyň 104 müň desýatina (1 desýatina — 1,09 ga) meýdany tutýan «Murgap patyşalyk mülki» döredilip, bu ýerde giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Murgap derýasynda täze suwaryş desgalary — Soltanbent, Hindiguş, Ýolöten bentleri, suw howdanlar ulgamy gurulýar. «Patyşalyk» diýlip atlandyrylan baş akaba — Soltanýapdan başlap, ululy-kiçili ýaplaryň 400-den gowragy çekilýär. Gürrü­ňi edilýän hazyna hem şol işler wagtynda tapylypdyr. Hazynanyň teň­ňeleriniň başdaky sany belli däl, ýöne olaryň 154 sanysy şol wagtky Zakaspiý oblastynyň naçalnigi general A.Komarowyň tabşyrygy boýunça Sankt-Peterburgdaky imperatoryň Arheologik komissiýasyna tabşyrylypdyr. Arheologik komissiýanyň kesgitlemesine görä, hazynanyň teň­ňeleri 40 hilli altyndan, 52,2 hilli kümüşden, ýagny altyn bilen kümşüň garyntgysyndan zikgelenipdir. Hazynanyň umumy bahasy şol wagtky 332 rubl 07 köpük möçberinde bellenipdir. Komissiýanyň kararyna laýyklykda, 154 teň­ňäniň 58 sanysy geljekde öwrenmek we saklamak üçin Imperator Ermitažyna tabşyrylyp, galan 96 sanysy eretmek üçin Sankt-Peterburgyň zikgehanasyna berilýär.

Arheologik komissiýanyň agzasy, belli gündogarşynas, alym-numizmat B.G.Tizengauzeniň kesgitlemesine görä, hazynanyň teň­ňeleriniň 50 sanysy Beýik Seljuklar döwletiniň hökümdarlary soltan Alp Arslanyň (1063 — 1072) adyndan Merw, Hyrat şäherlerinde, 4 sanysy soltan Mälik şanyň (1072 — 1092) adyndan Merw şäherinde (465- nji hijri (1072) ýylynda zikgelenipdir. Teň­ňeleriň ýüzünde Alp Arslan «Beýik soltan, şalaryň şasy, yslamyň patyşasy Alp Arslan», Mälik şa bolsa «Beýik soltan, şalaryň şasy, yslamyň sütüni (diregi)» diýlip atlandyrylypdyr. Hazynanyň düzümine Gaznaly döwletiniň hökümdarlary Jemal ad-Dowle Ferruhzadyň (1053 — 1059) 4 sany we Zahir ad-Dowle Ibrahimiň (1059 — 1099) teň­ňeleri-de goşulypdyr.

Hazynanyň iň giçki teň­ňeleri 465-nji hijri ýylynda, ýagny 1072-nji ýylda Merw şäherinde zikgelenipdir. Bu ýyl, taryhdan belli bolşy ýaly, soltan Alp Arslanyň wepat bolan we onuň ogly Mälik şanyň soltan tagtyna çykan ýylydyr.

Beýik Seljuk türkmen döwleti öz pul ulgamyny altyna esaslandyryp, soltan Togrul beg döwründe (1040 — 1063) altyn pullary örän köp mukdarda zikgeläpdir.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Pul Baýrakly makala bäsleşigi Türkmen talyplaryna garaşýar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigine  häzire çenli jemi 20 makala kabul edildi we bu makalalaryň ählisini bu...

Tohumy tükenmän eken

Tohumy tükendi diýlip ýörlen Tazmanýa gaplaňy 85 ýyldan soňra ýene-de ýüze çykdy. Mundan öň gaplaňyň bu görnüşi iň soňky gezek 1936-njy ýylda görlüpdi. Awstraliýanyň Milli...

Dünýä adaty durmuşa dolanýar

― 27-nji maýda Dubaýyň sport zallary we kinoteatrlary gaýtadan işläp başlar. Ilkinji tapgyrda olara ir sagat 6-dan gije 23-e çenli işledilmäge rugsat berildi. — Moldowa...

Ýapon kompaniýasy Türkmenistanda harytlyk gaz desgasyny gurar

«Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerinde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň...