No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 5:41
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR «Täç hil» ― Merkezi Aziýada ilkinji

«Täç hil» ― Merkezi Aziýada ilkinji

«Täç hil» hususy kärhanasy Merkezi Aziýada ilkinji bolup gel görnüşli antibakterial serişdesiniň önümçiligini ýola goýdy ― diýip, «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Bakteriýalary ýok etmekde hem-de elleriň derisini ýumşadyp, witaminler bilen üpjün etmekde ýokary häsiýete eýe bolan bu serişdeleriň her bir görnüşiniň özboluşly täsir edijiligi bar. El üçin gigiýeniki tämizleýji odekolonlar hem-de gel görnüşli gigiýeniki goraýjy serişdeleriň önümçiligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

50 ml, 200 ml we 250 ml ölçeglerdäki gaplara gaplanan, alma, pyrtykal, limon, orhideýa, lawanda ýaly önümleriň hoşboý ysy garylan bu antibakterial serişdeleriň hil derejesi hil barlaghanalaryndan üstünlikli geçdi.

Şu günler kärhanada düzüminde üzärlik dänejikleri bolan gel görnüşli antibakterial serişdeleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Özüniň ýokary hilli düzümini, hoşboý ysyny, tebigy reňkini we ýokumyny üzärlikden alýan hem-de ellerimizdäki bakteriýalary doly ýok etmäge we birnäçe sagadyň dowamynda ellerimizi zyýanly bakteriýalardan goramaga ukyply bolan bu antibakterial serişde ýakyn wagtda söwda nokatlarynyň üsti bilen, ildeşlerimize elýeterli bahadan ýetiriler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Noutbuk önümçiligini bes eder

Ýaponiýanyň “Toshiba” kompaniýasy noutbuk önümçiligini bes eder. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. “Toshiba Client Solutions” kompaniýasynyň mirasdüşeri we noutbuk öndürmek bilen meşgullanýan “Dynabook”-yň...

Çaga diýeniňi däl, edeniňi gaýtalar

«Çagam mähirli bolsun, ýalan sözlemesin, işeňňir bolsun, kitap okasyn» diýseňiz, oňa görelde boluň. Sebäbi çaga diýeniňizi däl, edeniňizi gaýtalar... Görelde bolmak Her ene-ata çagasy üçin dünýäniň...

Halk içindäki yrymlar

Mälim bolşy ýaly, halk arasynda özboluşly yrymdyr ynançlar bar. Bu yrymlar gadym döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten. Käwagt «Yrym edýän, şuny şeýle edäý» diýip...

Hem kubogy gazandyrdy hem-de kubogy döwdi

Angliýanyň kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy gyzykly wakalara baý boldy. bu duşuşykda “Arsenal” bilen “Çelsi” toparlary duşuşdy. Beýik Britaniýanyň meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşykda...