No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 6:27
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Syýahatçylygyň ýitgisi 195 milliard dollar

Syýahatçylygyň ýitgisi 195 milliard dollar

2020-nji ýylyň ilkinji dört aýynda dünýädäki syýahatçylykdan gelýän girdejiler pandemiýa sebäpli 195 milliard dollar azaldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy habar berýär.

UNWTO-nyň hünärmenleri koronawirus pandemiýasynyň syýahatçylyk pudagyna edýän täsiri barada degişli maglumatlary barada habar berdiler. Şeýlelik bilen, syýahat çäklendirmeleriniň giňden girizilmegi syýahatçylaryň sanynyň 97% azalmagyna sebäp boldy (mart aýynda olaryň sany 55% azaldy). Guramanyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda syýahatçylyk pudagy takmynan 195 milliard dollar ýitirdi. Şeýle hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň pandemiýa ilkinji bolup täsir edendigi bellendi. UNWTO-nyň çaklamalaryna görä, şu ýyl beýleki ýurtlarynda syýahatçylaryň sany 850 million – 1,1 milliard azalmagy mümkin. Dünýädäki syýahatçylyk girdejisi 910 milliard dollar – 1,2 trillion dollar azalmagy mümkin.

“Syýahatçylaryň sanynyň köpçülikleýin azalmagy ykdysadyýete ýaramaz täsirini ýetirýär. Şol sebäpden, syýahatçylygyň täzeden başlamagyny gazanmak ileri tutulýan ugra öwrülýär. UNWTO bu ugurda degişli goldawlara bermäge taýýar. ” – diýlip guramanyň beýanatynda bellenilýär.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Ýeňşiň» köýneklerini onlaýn satyn alyň!

Türkmenistanda Internet arkaly satyn alyp bolýan harytlaryň hataryna Marynyň «Ýeňiş» tikin fabiriginde taýýarlanylýan köýnekler hem goşuldy. Bahalary 61 manatdan 120 manada çenli üýtgeýän dürli...

5G ulgamyna eýe bolan ilkinji awtoulag

BYD awtoulag konserni bilen “Huawei” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynda  “BYD Han” kysymly elektrik ulagynyň täze görnüşi öndürildi. Bu ulag “Huawei” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “HiCar” ulgamy...

Ronaldo ýene-de 2 rekorda golaýlaýar

Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldo bu topara geçenden bäri geçirilen gollaryň sany 49-a deň boldy. “Football Italia” neşiriniň habar bermegine görä, portugaliýaly...

Türkiýäniň ýokary bilim ulgamy onlaýn sergide tanyşdyrylar

Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri (uniwersitetleri) dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaşlary bilim almaga çagyrýar. Bu babatda Türkiýäniň Ýokary bilim edarasy (YÖK) degişli işleri alyp barýar....