No menu items!
23/09/2020 12:16
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR “Super Liganyň” taryhynda iň...

“Super Liganyň” taryhynda iň…

Öň “Türkiýäniň 1-nji Futbol ligasy” soňky ýyllarda “Super Liga” ady bilen tanalýan liganyň 62 ýyllyk taryhynda birnäçe rekordlar bellige alyndy. Bir söz bilen aýdylanda “Super liganyň” iň gyzykly maglumatlary mälim edildi. Biz hem bu maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Iň ir salynan gol – “Super liganyň” taryhynda iň ir top tora 12-nji sekuntda Denizlisporly Darryl Roberts tarapyndan salyndy. (2008-2009 “Eskişehirspor”-“Denizlispor”)

Iň köp oýna çykan tälimçi – Samet Aýbaba tälimçi hökmünde 610 oýun bilen liganyň taryhynda iň köp oýna çykan tälimçidir.

Iň köp oýna gatnaşan oýunçy – Oguz Çetin 503 oýuna gatnaşyp,  liganyň taryhynda iň köp oýuna gatnaşan oýunçydyr.

Iň uzak wagt saklanan derwezeçi – Şenol Güneş 1978-1979-nji ýyllar möwsüminde 1112 minutlap pökgini derwezä geçirtmän saklamagy başardy.

Iň köp duşuşygy dolandyran emin – FIFA-nyň ygtyýarly emini Jüneyt Çakir, Super ligada 344 oýun bilen iň köp oýna gatnaşan eminleriň arasynda birinji ýerde durýar.

Iň köp golly duşuşyk – 1991-1992 möwsüminde “Fenerbahçe” bilen “Gaziantepsporyň” arasyndaky oýunda liganyň rekordy täzelendi. “Fenerbahçe” 8 pökgi, “Gaziantep” topary bolsa 4 pökgi geçirdi we jemi 12 pökgi tora salyndy.

Iň tapawutly hasap – 1989-1990 möwsüminde “Beşiktaş” topary, “Adana Demirspora” garşy 10-0 hasabynda liganyň taryhynda iň üýtgeşik ýeňiş gazandy.

Iň köp gol geçirilen hepde – 1995-1996 we 1997-1998 möwsümleriniň 8-nji we 30-njy hepdelerinde toparlar jemi 43 pökgi geçirdiler.

Iň köp çempion bolan topar – “Galatasaraý” 22 gezek çempionlyk bilen liganyň taryhynda iň köp çempion bolan topardyr.

Iň köp ýeňiş gazanan topar – “Fenerbahçe” Super ligada 1160 ýeňiş bilen iň köp ýeňiş gazanan topar.

Iň pes topar – “Samsunspor” topary 7 gezek aşaky ligada çykyş edýän topar.

Iň köp utulan topar – “Ankaragücü”, liganyň taryhynda 652 ýeňlişe sezewar bolan topar.

Iň köp deňme-deň oýnan topar – “Beşiktaş” 558 deňlik bilen iň köp deňme-deň oýnan topar.

Iň köp gol salan topar – “Fenerbahçe” 3613 pökgi geçirip, iň köp pökgi geçiren toparlaryň başynda.

Iň az gol salan topar – “Super ligada” iň az pökgi geçiren topar “Kirikkalespor” toparydyr, jemi 21 pökgi geçirdi.

Iň köp gol geçirden topar – “Ankaragücü”, liganyň taryhynda iň köp pökgi geçirden topardyr. Jemi 2205 pökgi geçirildi.

Iň uzak wagt ýeňilmedik topar – “Beşiktaş” toparynyň derwezesine 1990-1991 möwsüminde 29 hepde, 1992-1993 möwsüminde 13 hepde we jemi 48 oýun gol salynmady.

Iň gowy görkeziji – 1988-1989 möwsüminde “Fenerbahçe” 36 oýunda 29 ýeňiş, 6 deňlik we 1 ýeňliş bilen ähli döwürleriň iň gowy görkezijisini görkezdi.

Iň yzly-yzyna köp ýeňiş gazanan topar – 1959-1960 möwsüminde yzly-yzyna iň köp ýeňiş gazanan topar “Beşiktaşdyr”. 13 oýunda ýeňiş gazandy.

Iň köp gol salynan möwsüm – 1987-1988 möwsüminde toparlar jemi 1032 pökgi geçirdiler.

Hiç ýeňilmän çempion bolan topar – “Beşiktaş” 1991-1992-nji ýyl möwsümini ýeňilmän çempion bolmagy başardy.

Iň köp utuk bilen çempion bolan topar –  “Fenerbahçe” 1988-1989 möwsümini 93 utuk bilen birinji ýerde tamamlap, çempion bolmagy başardy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Elektrik we sürüjisiz ýük awtoulaglaryny tanyşdyrdy

Hytaýyň Döwlet eýeçiligindäki “First Automotive Works” (FAW Jiefang) ýük awtoulag öndüriji kompaniýasy sürüjisiz agyr ýük awtoulaglaryny görkezdi. Kompaniýa täze sürüjisiz “L3”, “L4” we “J7”...

Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda geçirilýän işler baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň mejlisinde garaldy. Döwlet biržasynyň işini...

Türkmenistanda zenanlaryň ýantorbalary öndürilip başlar

Gökdepäniň gön zawodynyň hünärmenleri teletinden gyz-gelinleriň ýantorbalaryny çykarmagyň üstünde işleýär. Bu ugurda daşary ýurt tejribeleri içgin öwrenilýär. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bu kärhanada şu...

Durmuş otlusy

(hekaýa) «Üns beriň! Üns beriň! Aşgabat─Türkmenabat aralygynda gatnaýan ýolagçy otlusynyň ýene sanlyja minutdan Aşgabat menzilinden ugraýandygyny duýdurýarys. Hormatly ýolagçylar, ýerli-ýerleriňize geçmegiňizi haýyş edýäris!» Myrat otlynyň içindedi....