No menu items!
8.9 C
Istanbul
06/07/2020 9:46
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Sungatyň geçmişinden söz

Sungatyň geçmişinden söz

Tans ilki durmuş sungatynyň  esasy  bölekleriniň  biridir. Ilki  durmuş sungaty Sinktretiki  sungaty bolýar. Sinkretika sungatynda ähli  sungatyň köki jemlenendir. Sungat  nädip döreýär?

Ol  b.e.öň  40 -20-nji ýyllar aralygynda döreýär. Ol hakda dünýä belli alym Marksyň düşünjesine görä “sungat zähmetiň üsti bilen döreýär” diýip, aýdýar. Gadymy döwürlerde tans aýratyn orun alypdyr. Hemme tanslar ritm bilen ýerine ýetirilýär. Ritm bolsa, tebigatyň syrydyr. Tans, bu hereketiň üsti bilen görkezilýän duýguny görkezmek üçin adamda duýgy bolmaly. Ol duýgy bolsa  hereketleriň üsti bilen görkezilýär. Gadymy tanslaryň birnäçe görnüşleri bar, ýagny: Awçylaryň tansy ýa-da däp-dessur  tanslary bolup durýar. Awçylaryň  tansy 2 görnüşde bolýar, olar: Awa gitmezden öň edilýär we awdan gaýdyp gelenden soň edilýär. Awçy tansy iň gadymy tans hasap edilýär. Gitmezden öň edilýän tanslarda awa gidip, tutjak haýwanynyň keşbini görkezýär. Awdan gelende görkezilen hereketler üýtgeýär we awyň geçişini hereket üsti bilen ýerine ýetirýärler.

Şekillendiriş sungaty

Sungat adamzadyň döredijilik zähmetini şekillendirip bilmek ukybydyr: Suratkeşiň daş töweregini, ony gurşap alýan hakykatyň keşbini suratlandyranda şöhlelendirýän sungatdyr.

Şekillendiriş sungaty dünýäniň, adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlik dünýäsiniň şekilini suratlandyrýar, jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny, olaryň pikirini, arzuwlaryny we duýgularyny şöhlelendirýär.

Şekillendiriş sungatynyň görnüşleri:

1.Nakgaşlyk- dünýäniň keşbini dürli reňkleriň sazlaşygynda suratlandyrýar.

2.Grafika- kagyzyň ýüzünde 1, 2 reňk bilen (ak, gara) çekilýän şekillendiriş sungatynyň görnüşi, grafikanyň esasy çeperçilik serişdesi- çyzyk, ştrih, nokat. Grafikada birnäçe reňkler hem ulanylýar.

  1. Heýkeltaraşlyk: Şekillendiriş sungatynyň göwrümli görnişi. Onuň 3 ölçegi bar- beýikligi, uzynlygy, galyňlygy.

Galkynyş Sungaty

Günbatar Ýewropada XV- XⅥ asyrlarda medeniýetiň we ylmyň ösüşi bolup geçýär. Näme üçin bu döwriň adyna, Galkynyş (Renessans) diýipdirler ?

Renessans fransuz sözi bolup “galkynyş” diýmekdir. Sebäbi, bu döwürde suratkeşler gadymy Gresiýanyň, gadymy Rimiň antika sungatyny öwrenipdirler. Ýeriň aşagyndan tapylan heýkelleri öwrenipdirler. Orta asyrlaryň suratkeşleri  anotomiýany, perspektiwany bilmändirler. Şol sebäpden hem adamlaryň şekili göwrümli däl-de ýasy görnüşinde beýan edilipdir we adamy ruhubelent görkezmek üçin olaryň gözlerini uly edilipdir.

 

Taýýarlan Merjen ATAGARRYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş  uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

IŇ TÄZE HABARLAR

Iň täze oýun kompýuteri bolar

Hytaý metbugatynyň habar bermegine görä, “Huawei” we “Honor” bilelikde oýun üçin niýetlenen kompýuterleri öndürmegi maksat edinýärler. Olar täze kompýuterleriň hemme içki ulgamynyň taýýardygyny hem...

“Panasonic” täze gulaklygyny tanyşdyrar

“Panasonic” kompaniýasy özüniň täze “RZ-S300W” atly täze görnüşli gulaklyklaryny alyjylara ýetirýär. “RZ-S300W” ady bilen tanyşdyrylan gulaklyklaryň üç görnüşi bar. Olaryň ählisi hem müşderileri kanagatlandyrjak...

Messi “Barselonadan” gidip biler

Lionel Messi 2021-nji ýylda gutarýan şertnamany uzaltmak baradaky gepleşikleri togtatdy. Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisiniň bu topardan gidip biljekdigi mälim edilýär. Bu barada “Cadena...

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan biri hasaplanýan “Barselona” toparynyň futbol taryhyndaky 9000-nji goly hasaba alyndy. Bu gol “Barselona” bilen “Wilýareal” toparlarynyň arasyndaky 34-nji tapgyryň duşuşygynda bolup...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

AMAN KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Başlangyç synplarda okatmak. Mekdebe çenli bilim we terbiýe. Tölegli esasda: Başlangyç...

Jemi Içerki Önümiň Möçberi 5,9 göterim artdy

Ykdysady görkezijiler Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň birinji ýarymynda makroykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişini...

1-nji iýul Halkara degişme güni

Ýylyň ikinji ýarymynyň başlaýan ilkinji güni, ýagny her ýylyň 1-nji iýuly Halkara degişme güni dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk uly baýramçylyk bolmasada,...

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Be­den­ter­bi­ýe we sport (hü­när­ler: sport; be­den­ter­bi­ýe). Tö­leg­li esas­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň...