No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 5:49
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!
Hojagylyç Nazarow
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojagylyç Nazarow 1937-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasynda doglan. 53 ýyl mugallym bolup işlän. Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi, uly mugallym, usulçy mugallym atlaryna mynasyp bolan, bir orden we üç sany medal bilen sylaglanan. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gaýrat medalynyň eýesi. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi.

Söz we Hereket Bir Bolmalydyr!

Hemişe bolşy ýaly, bu gün agşamam maşgala agzalarymyz jem bolup, okuw, etika, gözellik, metbugat täzelikleri, okalan eserler dogrusynda özara pikir alşyp otyrkak, 1-nji synpda okaýan çagajygymyz ýanyma gelip:

-Näme üçin, mugallymymyzyň öz-ä 5-ligi şunuň ýaly ýazmaly diýip öwredýär, depderimize bolsa beýle goýýar- diýip, guýruk tarapy tagaşyksyz tegelenip, depesiniň kese çyzygam çäksiz uzaldylan 5-ligi görkezdi.

Bu düşnükli zat. Biz okuwçynyň sapaga jogap berşinden, ýazuw işinden göwnümiz bitende içki emosional joşgunymyzy söz bilen beýan edenimizden daşgary onuň bahasynda görkezýän wagtymyz hem seýrek bolmaýar. Muny biz 2-lik baha goýanymyzda-da şeýdýäris. Bu göräýmäge onçakly ýalňyşam däl ýalydyr. Emma inçeden yzarlasaň ýönekeý säwlik däl. Sebäbi  öz sözümizi, öz talabymyzy hereketimizde görkezemizok. Bu biziň sözümiziň gymmatyny gaçyrýar.

Biz okuwçylaryň arasynda beýleki okuw-terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda edep-ekram, dogruçyllyk, adamkärçilik barada-da köp gürrüň geçirýäris. Emma okuwçylar bilen iş salşanymyzda bolsa käbirimiz hut özümiziň aýdýan zatlarymyzyň tersine gidýäris. Ujypsyz ýalňyşlygy üçin okuwçyny ýazgarýarys, sesimize bat berip gygyrýarys, pedagogik taktlylygy unudýarys.

Bir gezek ýaş mugallymlaryň biri meniň ýolbaşçylyk edýän 10-njy synpymda okaýan Aşyr diýen okuwçynyň özüni alyp barşyndan nadyl boldy. Men ikiçäk gepleşmek maksady bilen ol okuwçyny sapakdan soň alyp galdym. Gepleşige ýaňky mugallym hem gatnaşdy. Çolalyk aralaşanda mugallymyň göhi gelip ugrady. Ol ellerini owkalap, erinlerini ýyrşardýardy. Özem hyýrsyzdy.

-Hä, deýýus, ele düşdüňmi! Indi şu duran ýeriňde owyrdyňy owradaýsam nädersiň, ä…- diýip, ilerläp barýardy. Men ara düşdüm. Aşyry men oňat tanaýardym. Oňat okaýan okuwçydy, tertiplidem. Dogry ol tekepbirdi, öz diýenlidi. Zerurlyk bolmasa az gepleýärdi.

Mugallymyň bolmajysy bolup, näçeler dişini gyjasada, okuwçy birjigem düýrükmeýärdi, gözüni süzüp diňläp durdy. Okuwçy maňa ýüzlendi:

-Mugallym, men şu mugallymy-da beýleki mugallymlary hormatlaýşym ýaly hormatlaýaryn. Ýöne…

Okuwçynyň damagy doldy, aşak bakdy. Soň başyny galdyryp:

-Mugallymyň özi bizi deň tutmaýar. Dost-ýarlarynyň oglanlaryna adyny tutup ýüzlenýär. Maňa hem-de maňa meňzeşleriň bolsa adymyza beýle dursun, familiýamyzam dogry tutmaýar.”Haýt sen, pylanynyň ogly” diýip kejikdirýär. Şu näme dogrumy?-diýip hamsykdy.

Gürrüň gutardy. Mugallymyň şeýle tebigatynyň bardygyny öňdenem bilýärdim. Okuwçy däl, hut mugallymyň özi bilen geçirilen birnäçe gürrüňlerden soň konflikt aradan aýryldy. Şol okuwçy soň ýokary bilim alyp, göreldeli hünärmen bolup ýetişdi.

Şu taýda men mugallymyň ugur tapyjylygyna, pähim-paýhasyna degişli W.M. Korotowyň umumy redaksiýasy bilen çapdan çykan “Pedagogikadan leksiýalar” diýen kitabyndan bir parça mysal getirmekçi bolýaryn. Bir ýaş mugallyma ýokary synplaryň birine ilkinji sapagyny geçmäge baranda, synpdaky oglanlaryň hemmesi dilleşip, gara äýnek dakynyp oturýarlar. Nätmeli?! Şunda biz görnetin guralan prowakasiýa düşünip, onuň-munuň üstüne gygyryp, hemle baryny atarys, gygyryp wagt ýitireris. Garagol çagalara geregem şol. Emma ol paýhasly mugallyma beýtmändir. Hiç zat görmeýän ýaly bolup geçiberipdir. Tutan guşlarynyň ganatynyň mugallym tarapyndan eýýäm gyrlyp goýberilendigini aňan okuwçylar öz-özlerinden utanyp, 10-15 minut geçensoň äýneklerini aýyrmaga başlapdyrlar…

Biz başganyň zähmetini hormatlamak dogrusynda köp söhbet etsek-de kämahal hut öz okuwçylarymyzyň zähmetini gözden salýandygymyzy bilýärmikäk? Häli- şindi ýazuw-barlag işlerini alýarys. Emma welin şolary wagtly-wagtynda barlap, wagtly-wagtynda-da netijesini aýdýan saparlarymyz mydama bolup duranok. Okuwçy sapaga jogap berýär. Şänik döwen ýaly edip aýdyp dur. Ýokary baha goýaýmalydyr. Emma onuň haýsydyr bir tötänlikden eden etmişi üçin içigaralyk edip bahasyny kemýäris. Hut şular ýaly sebäp bilen okuwçyny synpynda galdyryp, azabyny köýdürip ýörenlerimiz az däl. Hany, biziň özümiziň başganyň zähmetine sarpa goýşumyz?! Okuwam zähmet ahyryn !

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Porto” kubogy gazandy

Portugaliýa kubogynyň finalynda “Porto” topary “Benfikany” 2-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 38-nji minutynda “Porto” toparynyň futbolçysy Luis Diaz gyzyl petek oýundna çykaryldy. Bir oýunçy kem...

Thomas Edison: Ampulü Bulan Kişi

Ünlü kişisel gelişim uzmanı Mümin Sekman tarafından kaleme alınan Çocuklar İçin Başarı Hikayeleri serisinin 1.kitabı olan  “Edison: Hayalını Nasıl Gerçekleştirdi?” Kitabının okuyan ve Sizin...

Azyk howpsuzlygynda “öndürilen senesiniň” ähmiýeti

Biz köplenç islendik bir markete ýa-da dükana baryp azyk önümlerini almakçy bolan mahalymyz ilki bilen önümiň “öndürilen senesine” seredip ondan soňra satyn alýarys. Eýsem-de...

Germaniýadan hoş habar

Germaniýanyň birnäçe instituty «Covid-19» pandemiýasy üçin sanjymynyň gözleginde ençeme işler alyp barýarlar. Ynha şolaryň biri-de Germaniýanyň Paul-Erlih institutydyr. Institutyň direktory Çiçutek alyp barýan işleriniň...