No menu items!
26/09/2020 6:05
No menu items!
Home BILIM Söwda-kooperatiw mekdebi talyplyga kabul edýär

Söwda-kooperatiw mekdebi talyplyga kabul edýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda-kooperatiw mekdebi 2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit.

2. Yk­dy­sa­dy­ýetweme­ýil­na­ma­laş­dy­ryş.

  1. Ha­ryt­çy­lyk we sarp ediş ha­ryt­la­rynyň hi­li­ni sel­jer­mek.
  2. Jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti­niň önüm­le­riniň teh­no­lo­gi­ýa­sy.

Söwda-kooperatiw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly — 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edilmek 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 11-i we 19-y günlerinde geçirilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan ta­lyp­lyga ka­bul edil­meküçinar­tyk­maçhu­kukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň edara we kärhanalary tarapyndan okuwa hödürlenenler;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­giniň Söw­da-koo­pe­ra­tiw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Aba An­na­ýew kö­çesi, 51,tel.: 36-85-32, 36-83-28.

 

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ekologiýa taýdan arassa ilkinji uçarlar

1970-nji ýylda esaslandyrylan fransuz awiasiýa kompaniýasy “Airbus” 2035-nji ýyla çenli işe başlamagy meýilleşdirilýän dünýäniň ilkinji ekologiýa taýdan arassa uçary üçin üç taslama öňe sürdi....

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...

Türkmenistanda Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek

Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak boýunça täzeden seredilen Kioto konwensiýasyna goşulyşmak meselesine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi diýlip Türkmenistanyñ Döwlet Gümrük Gullugynyň web saýtynda aýdylýar. ...

Türkmenistanda elektron söwda ulgamy taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýanynda döredilen kompýuter tehnologiýalary merkezinde ministrligiň ulgamyna uýgunlaşdyrylan elektron söwdasynyň maksatnamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. TDH-nyň habar bermegine görä, Aşgabat...