No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 3:06
No menu items!
Home BILIM «Soňky jaň» dabaralary ýakymly ýatlamalara baý bolar

«Soňky jaň» dabaralary ýakymly ýatlamalara baý bolar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde şu ýyl okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler we hususan-da, «Soňky jaň» dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

25-nji maýda medeni çäreler geçiriler

25-nji maýda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köpsanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda medeni çäreleriň guraljakdygy habar berildi.

Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiýadalarynyň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar. Orta bilim berýän mekdepleriň uçurymlary paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda ýerleşýän milli mukaddesliklerimize gül çemenlerini goýarlar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly şygar astynda geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özbaşdak durmuşa gadam urýan ýaş türkmenistanlylaryň «Soňky jaň» dabarasy baradaky ýakymly ýatlamalaryň ýatlarynda galmagy üçin baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Munuň özi ýaş oglan-gyzlaryň müňlerçesini beýik işlere ruhlandyrar, mähriban Watana bolan söýgini berkider, Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine asylly zähmet çekmäge höweslendirer diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Garri Potteriň awtoryndan täze kitap

“Garri Potter” kitaby bilen meşhurlyk gazanan iňlis ýazyjy zenany Joan Roulingiň çagalar üçin niýetlän täze kitabyny onlaýn okamak mümkinçiligi döredilýär. Joan Roulingiň başga işleri...

Kawani bilen gyzyklanýarlar

Italiýanyň “Inter” hem-de Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparlary Fransiýanyň “PSŽ” toparynda çykyş edýän urugwaýly hüjümçi Edison Kawani bilen gyzyklanýarlar. Kawaniniň “PSŽ” topary bilen şertnamasynyň möhleti...

32 ýyldan soňra ogluny tapdy

Hytaýda 1988-nji ýylda 2 ýaşynda wagty ogurlanyp, başga bir maşgala satylan oglan 32 ýyldan soňra öz ejesine gowuşdy. Mao Ýin atly ýaş oglan 32 ýyl...

Çempionat tazeden başlaýar

Koronawirus pandemiýasy sebäpli wagtlaýyn saklanylan Portugaliýa futbol çempionaty 3-nji iýunda resmi taýdan täzeden başlar. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berdi. Ýaryş mart aýynda wagtlaýyn...