No menu items!
8.9 C
Istanbul
05/08/2020 7:52
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Saud Arabystanynyň Patyşasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Saud Arabystanynyň Patyşasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Saud Arabystanynyň Patyşasynyň näsaglandygy we hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur gynanç hem-de biynjalyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

«Siziň gujur-gaýratyňyzyň we berk erkiňiziň ýakyn wagtda hassalygy ýeňip, doly sagalmagyňyza ýardam etjekdigine ynanýaryn»- diýip, milli Liderimiz nygtady.

“Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňiziň tiz sagalmagyny we Saud Arabystanynyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadanlygynyň hatyrasyna Siziň ýadawsyz amala aşyrýan işleriňize üstünlikleriň hemra bolmagyny dileýärin” diýip, milli Liderimiz mähirli arzuwlaryny beýan etdi.

Gurban baýramy bilen gutlamak

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolan ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy bilen birek-biregi mähirli gutladylar. Bu baýramçylygyň täze döredijilikli maksatlara ýetmäge, beýik işleri amal etmäge ruhlandyrýandygyny, halklary jebisleşdirýändigini bellemek bilen, söhbetdeşler Gurban baýramynyň geljekde hem ähli musulman ymmatyna özara düşünişmegi we raýdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň möhümdigini nygtap, türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge özara islegine daýanýar. Şu jähtden döwlet Baştutanymyz Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Sauda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Ählumumy dünýä meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşykly çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir edýän koronawirus pandemiýasy şolaryň biridir.

COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça tagallalar

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurtlaryň ählisiniň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň hem-de COVID-19 ýokanjynyň öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň täze usullarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň garaşylýan netijeleri gazanmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Iki ýurduň däbe öwrülen özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklamak bilen, söhbetdeşler iki doganlyk halkyň bähbidine ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud adamzadyň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, doganlyk halklara parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Onlaýn Söwdanyň Türkmenistan nusgasy

Türkmenistanda onlaýn söwdanyň ösüşi barada Agageldi Italmazowyň “Türkmenistan” gazetinde neşir edilen “Onlaýn söwda: gapyda kabul ediň!” atly makalasynda mysallar bilen görkezilýär. Bu gyzykly we...

Türkmenistandan Owganystana lukmançylyk kömegi

Türkmenistandan goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömegi hökmünde berilýär. Munyň bilen baglanşykly Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga...

Täze Sahypa “Täleýnama”: Ýyldyzlar näme diýýär?

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýty okyjylaryna has gyzykly we peýdaly habarlary, şeýle-de seljermeleri ýetirmek maksady bilen täze sahypalar açmaga dowam edýär. Ýakynda Size...

Çaga Robot Däldir

Arada men işim çykyp, obamyzdaky (Çagyl obasy) öýleriň biriniň gapysyndan gözledim. Görsem, är-aýal ikisem öýlerinde jem bolup oturan eken. Öý eýeleriniň göwünjeň mürähet etmekleri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Kosmos syýahatçylygy barha golaýlaýar

Kosmos syýahatçylygyny amala aşyrmak üçin maýa goýumlary özleşdirýän “Virgin Galactic” kompaniýasy jahankeşdeleri älem giňişligine alyp gitjek kosmos ulagyny tanyşdyrdy. Angliýaly milliarder Riçard Bransonyň eýeçiligindäki...

«Türkmentelekomdan» ýene bir täze hyzmat

Indi Türkmenistanda ýurduň çägindäki Internet torlaryna ýokary tizlikde birikmäge bolan mümkinçilikler artdyryldy. Muny «Internet» hzymatynyň üsti bilen amala aşyryp bolýar. «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan...

Çomuç Toşabynyň Tagamy

Könelerimizden rowaýat kysmy şeýleräk gürrüň galypdyr. Daňyň alagaraňkysynda sähraýy türkmen obalarynyň ýaňy çetinden girip ugran bet niýetli gaýry ýurtly alamançylaryň ummasyz çomuç tokaýlygyny görüp,...

Onlaýn Kitaphana hereket edip başlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň onlaýn kitaphanasy hereket edip başlady. https://neutrality.gov.tm/library/tk/ linkinden elýeter bolan elektron kitaphananyň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryny dünýäniň dürli künjeginden okamak mümkinçiligi...