No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 10:55
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Russiýa halkara uçar gatnawlaryna başlaýar

Russiýa halkara uçar gatnawlaryna başlaýar

Russiýa Federasiýasy täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli 4 aýdan bäri ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny täzeden başlaýar. Uçar gatnawlary hem rus hem-de daşary ýurtly awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylar. 1-nji awgustdan başlap, Beýik Britaniýa, Türkiýe hem-de Tanzaniýa halkara gatnawlar başlaýar.

Moskwa we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitlerine gelýän ýolagçylara öň girizilen çäklendirmeler ýatyryldy.

– Halkara howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda karar aldyk. Bu kararymyz epidemiologik ýagdaýy, keselleriň görkezijileri hem-de özara gatnaşyklar ýörelgeleri esasynda alyndy. 1-nji awgustdan başlap, Moskwa, Moskwa oblasty, Sankt-Peterburg we Rostow şäherleriniň howa menzillerinden gatnawlar ýola goýlar – diýip, Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin belläp geçdi.

Ilkinji tapgyrda Beýik Britaniýanyň diňe London şäherine gatnaw bolar. Türkiýede bolsa 1-nji awgustdan başlap, Antalýa we Stambula, 10-njy awgustdan bolsa Antalýa, Bodrum hem-de Dalaman sebitlerine gatnawlar ýola goýlar.

Russiýanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, ýene-de 30 ýurt bilen howa gatnawlaryny täzeden dikeltmek babatda gepleşikleriň geçirilýändigi mälim edildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Täze elektron neşir hereket edip başlady

Türkmenistanda täze elektron neşir hereket edip başlady.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan esaslandyrylan täze neşiri  https://www.mfa.gov.tm/gazet-1.pdf  salgysyndan  okap bilersiňiz! Türkmen, Iňlis we Rus dillerindäki...

Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-biregi mukaddes...

COVID-19 sanjymy: lukmançylyk synaglaryna başlady

ABŞ-nyň “Johnson & Johnson”derman kärhanasy täze koronawirus (Covid-19) sanjymyny synagdan geçirip başlady. “Clinical Trials Arena” internet neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa ABŞ-da we Belgiýada...

Klopp – ýylyň tälimçisi

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp Angliýanyň “Premýer ligasynyň” tälimçiler birleşigi (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip saýlandy. 53 ýaşly nemes hünärmeni “Mançester Ýunaýtediň” ozalky meşhur tälimçisi...