30/10/2020 11:52
Home IŇ TÄZE HABAR Rugsatnama: Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemek we barlamak

Rugsatnama: Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemek we barlamak

Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga rugsatnama bermek hakynda Düzgünnama kabul edildi. Bu Düzgünnama  “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda çykaran 71-iş belgili buýrugy bilen kabul edildi. Bu Düzgünnama Türkmenistanyň Suw kodeksiniň 14-nji maddasynyň 2-nji bendine we “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 12-nji bendine laýyklykda işlenip taýýarlandy we “Türkmengeologiýa“ döwlet korporasiýasy (mundan beýläk – Rugsat beriji edara) tarapyndan ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga berilýän Rugsatnama berlende berjaý edilmäge degişli kadalary kesgitleýär.

Düzgünnamada bellenişine görä, Rugsatnama bermekligiň maksady Türkmenistanyň çäginde ýerasty  suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we goramagyň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, agyz, senagat, balneologik (bejeriş) ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemek, barlamak we ulanmak bilen baglanyşykly işler amala aşyrylanda ýerasty suw ýataklaryny ýerlikli ulanmak we olaryň azalmagynyň we hapalanmagynyň öňüni almak hem-de geologik we ekologik kadalaryny berjaý etmek bolup, şu Düzgünnamanyň talaplaryny berjaý eden fiziki we ýuridik şahslara ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga hukuk bermek bolup durýar.

Okap bilersiňiz  Prezident Mohammad Aşraf Gani Aşgabada resmi sapar bilen geldi

Rugsatnamanyň güýje girmegi

Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga bolan hukuk, Rugsatnamanyň alnan pursatyndan başlap ýüze çykýar we şu Düzgünnamanyň ýigrimi birinji böleginde bellenen esaslar boýunça  güýjüni ýitirýär.

Ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemegiň, barlamagyň we ulanmagyň  fiziki we ýuridik  şahslar tarapyndan Rugsatnamasyz amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.

Okap bilersiňiz  BMG-niň ilat gaznasyndan web-dizaýn bäsleşigi

Rugsatnama  Türkmenistanyň Suw kodeksiniň 14-nji maddasynyň 2-nji bendine we “Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 12-nji bendine laýyklykda ýerasty suwlarynyň ýataklaryny gözlemäge, barlamaga we ulanmaga  hukuk berýär. Rugsatnama 3 (üç) ýyl möhlete berilýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 19-nji sentýabrynda 1386 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan Düzgünnamany dolulygyna okamak üçin şu ýere basyň!

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Okap bilersiňiz  1-nji aprel – Guşlaryň halkara güni

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Hindistan – Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
Okap bilersiňiz  Internetdäki moda görkezişleriniň uly ýitgisi
Hindistanyň Daşary işler ministri S.Jaýşankaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise...

Bitaraplygyň 25 ýyllygy: 25 million bag nahaly ekiler

Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda...

Halkara maslahat: Türkmenistan global gaz bazarynyň möhüm ýurdy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahaty öz işine başlady. “Türkmengaz”  hem-de “Türkmennebit”...

Türkmenistan-BMG: gatnaşyklar pugtalandyrylýar

1991-nji ýylda Garaşsyzlyk derejesine eýe bolan Türkmenistan halkara giňişligine işjeň goşulyşmak, dünýädäki abraýly halkara guramalaryň düzümine girmek boýunça işleri durmuşa geçirip başlady. Turuwbaşdan döwlet...