No menu items!
8.9 C
Istanbul
06/07/2020 7:43
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Raýatlara 500 ýewro syýahatçylyk goldawy

Raýatlara 500 ýewro syýahatçylyk goldawy

Koronawirus ýokanjy sebäpli kynçylyklary başdan geçiren Italiýada syýahatçylyk pudagyny goldamak meýilleşdirilýär. Ýurduň hökümetiniň kararyna laýyklykda, raýatlara 500 ýewro çenli maliýe kömegi berler. Umuman, syýahatçylyk pudagyny täzeden güýçlendirmek maksady bilen 2,4 milliard ýewro sarp etmek göz öňünde tutulýar.

Täze karara laýyklykda, ýyllyk girdejisi 40 müň ýewrodan az bolan italiýaly maşgalalar 2020-nji ýylda meýilleşdiren gezelençleri üçin döwlet kömegini almak babatda ýüz tutup bilerler. Kömek puly öýlenmedik, öýlenen we çagalar üçin aýry möçberlerde berler. Meselen, ýeke ýaşaýan raýatlara 150 ýewro, jübütlere 300 ýewro, çagaly maşgalalara 500 ýewro tölener.

Raýatlary bu kömek puluny iýul-awgust aýlarynda ýurduň çägindäki dynç alyş zolaklarynda peýdalanyp bilerler.

Italiýanyň syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetinde uly ähmiýete eýedir. Syýahatçylyk pudagynyň jemi içerki önümdäki paýy 13 göterime deňdir. Koronawirus sebäpli bu pudagyň ýitgisi 3,2 miliard ýewro barabar bolmagyna garaşylýar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Süleýman Demirel Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Süleýman Demirel uniwersiteti attestat bahalaryň netijesine görä synagsyz ýokary okuw jaýyna kabul edýär. Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demireliň adyny göterýän bu Uniwersitet Isparta şäherinde...

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Türkmen milli saz gurallary. Kirişli saz gurallary. Üflenip we kakylyp...

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. ...

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Myhmanhana hyzmatlary. Syýahatçylyk hyzmatlary. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda). Jemgyýetçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hü­när: ma­te­ma­ti­ka). Fi­zi­ka we...

Ösümlikleriň ösüşine sazyň täsiri

Ösümlikler janly tebigatyň aýrylmaz bir bölegi. Sebäbi zerur iýmit çeşmesi bolup, ösümliklersiz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol sebäpden häzirki döwürde ösümlikleri içgin...

Hytaýyň çempionaty başlaýar

Hytaý Futbol Assosiasiýasy milli çempionaty 25-nji iýulda başlamak kararyna geldi. Bu guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp, “Xinhua” habar gullugy şeýle habar berýär. Bu milli çempionatyň täze...

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Aýdym-saz sungaty (hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary; fortepiano;...