30/10/2020 12:31
Home IŇ TÄZE HABAR Pandemiýa döwründe has-da baýan işewürler

Pandemiýa döwründe has-da baýan işewürler

Pandemiýa döwründe dünýäniň baý adamlarynyň birnäçesiniň özüniň baýlygyny artdyrýandygy baradaky habarlar köp görmek bolýar. Şweýsariýanyň dünýä belli bankynyň soňky maglumatlaryna görä, emlägi 1 milliard dollardan geçýän adamlaryň sany 2,158-den 2,189-a çenli artdy diýip, habar berilýär.

Epidemiýanyň başlamagy bilen milliarderleriň ýagdaýy 25% göterim ýokarlandy. Şunuň bilen sanawda 31 sany täze milliarderlar köpeldi. “The Guardian” gazetindäki habaryna görä, hünärmen Ýozef Stadler: “Covid-19 döwründe milliarderler gowy işlediler” diýip, belleýär.

Dünýäniň iň baý adamy “Amazon” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosdyr. Onuň emlägi 189 milliard dollardan ybaratdyr. “Amazon” kompaniýasynyň şu ýylky paýnamasy 74 milliard dollara barabar body.

Ýene bir dünýä belli kompaniýalaryň biri bolan Ilon Maskyň “Tesla” kompaniýasy, bu döwürde özüniň emälgini 76 milliard dollardan, 103 milliard dollara çenli ýokarlandyrdy. Şu ýylda Ilon Mask has köp gazandy diýip, belläp geçip bolar. Şeýle hem milliarderlar özüniň emlägini pandemiýa garşy göreşmek boýunça hem sarp edýärler. Bu ýokanja garşy göreşmek üçin  ABŞ-nyň 98 milliarderleri umumylykda 4,5 milliard dollaryny sarp etdiler, Hytaý döwletiniň 12 milliarderleri 679 million dollaryny, Awstraliýa döwletinde ýaşaýan iki sany milliarder 324 million dollaryny, Beýik Britaniýanyň 9 milliarderleri bolsa 298 million dollaryny harçlady.

Okap bilersiňiz  Temizlik ürünleri üretim tesisi için uluslararası ihale

“Bloomberg” kompaniýasynyň hasabatyna görä, dünýäniň 10 sany baý adamlary:

  1. 1. Jeff Bezos – 183 milliard dollar.
  2. 2. Bill Geýts – 123 milliard dollar.
  3. 3. Ilon Mask – 101 milliard dollar.
  4. 4. Mark Zukerberg – 98.1 milliard dollar.
  5. 5. Bernard Arnault – 86 milliard dollar.
  6. 6. Mukeş Ambani – 84.8 milliard dollar.
  7. 7. Warren Buffet – 79.5 milliard dollar.
  8. 8. Stiw Bollmer – 74.6 milliard dollar.
  9. 9. Larri Ellison – 70 milliard dollar.
  10. 10. Lerri Peýj – 69.9 milliard dollar.
Okap bilersiňiz  Temizlik ürünleri üretim tesisi için uluslararası ihale

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Okap bilersiňiz  ...çagasyna näme diýilýär?

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Köp sanly sport muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Russiýanyň dagystanly çempiony Habib Nurmagomedow sportuň başa baş göreş ugrundaky karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Ol muny özüniň iň...

Raýan Reynoldsyň meşhur filmleri

Dört doganyň iň kiçisi hökmünde 1976-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde doglan Raýan Reynolds karýerasyna 2004-nji ýylda “Blade Trinity” filmi bilen başlady. Soňky...

Golliwudyň prodýuseri, bruneý şazadasy aradan çykdy

Media metbugatynyň habaryna görä, meşhur kino prodýuseri, bruneý şazadasy Azim birnäçe wagt keselhanada bolup, bagyr keselinden ejir çekip 38 ýaşynda aradan çykypdyr. Şazada Azim,...

Halkara maslahat: Türkmenistan global gaz bazarynyň möhüm ýurdy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahaty öz işine başlady. “Türkmengaz”  hem-de “Türkmennebit”...