No menu items!
8.9 C
Istanbul
06/07/2020 8:58
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Ösümlikleriň ösüşine sazyň täsiri

Ösümlikleriň ösüşine sazyň täsiri

Ösümlikler janly tebigatyň aýrylmaz bir bölegi. Sebäbi zerur iýmit çeşmesi bolup, ösümliklersiz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol sebäpden häzirki döwürde ösümlikleri içgin öwrenmek uly üns merkezinde durýar. Elbetde, bütin dünýäde ösümlikleriň dürli görnüşleri bar. Olar ýaşaýyş şerti, daşky görnüşi  bilen tapawutlanýar. Şeýlelik-de ösümlikleriň ylymda belli bolmadyk syrlary örän köp. Olaryň adaty bolmadyk, täsin häsiýetleri  häzirki döwürde ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösen zamanasynda her birimizi haýran galdyrýar. Muňa mysal edip ösümlikleriň adam ýaly sazy diňläp olary tapawutlandyrmak ukybyny aýtsa bolýar. Bu häsiýet her birimize geň ýaly bolup görünýär. Sebäbi ösümlik bir ýerde ösüp oturan, gulagy, beýnisi, ýokary nerw ulgamy ýok organizm hasaplanýar. Ýöne häzirki döwürde  köp sanly ylmy barlaglaryň netijesinde ösümlikleriň saza bolan duýgurlyk ukybynyň bardygyny anyklamak başartdy. Sazyň ösümligiň ösüşine täsirini ilkinjileriň biri bolup, Hindistanyň Madras şäherindäki Annamalaý uniwersitetiniň botanika kafedrasynda Sink tarapyndan ylmy barlaglar alynyp barylypdyr. Olar şalynyň ir, aralyk we giç  ýetişýän 6 sany sortuny, 7 sany Hindi obasynda synag geçiripdiler. Olar günde birnäçe sagat hindileriň “Gandharwa Wedasynyň” halk sazyny instrumental halk saz guralynda çalyp synag geçiripdirler. Netijede, şalynyň hasyllygy belli bir göterim aralygynda artandygy hasaba alnypdyr. Şeýlelik-de  ösümlikleriň saza bolan  duýgurlygy dünýäniň beýleki ýurtlarynyň alymlarynda hem uly gyzyklanma döredipdir. Hindi alymlaryndan başga-da  ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň  we beýleki döwletlerde ösümlikleriň saza duýgurlygy barada köp sanly ylmy barlaglar alynyp baryldy. Barlaglar netijesinde saz ösümlikleriň organizmine gönüden göni täsir edýändigi barada maglumatlarda duş gelmek bolýar. Saz goýberlende  yrgyldylar ösümligiň organlaryna täsir edip,  ösümlik öýjügindäki sitoplazmasynyň akymyny çaltlandyryp madda çalşyk organizminde güýçlenipdir. Ösümligiň baldaklary, ýapraklary ösüpdir. Mundan başga-da bilermenleriň aýtmagyna görä  ösümliklerde gaz çalşygyny geçirýän  agyzjyklaryň sany artyp, göwrümi  ulalypdyr.  Ösümlik üçin zerur bolan kömürturşy gazy we suw buglarynyň kabul edilişi we kislorodyň bölünip çykyşy ýokarlanypdyr. Bu bolsa fotosintez hadysasynyň geçmegini çaltlandyryp, organiki maddalaryň emele gelmegi artypdyr. Köküň göwrümi ulalyp sorujylygyň güýçlenmegi barada ylmy edebiýatlardaky belliklerde duş gelmek mümkin.

Ösümliklerde saz bilen baglanşykly  ylmy barlaglar  Italiýanyň Florense uniwersitetinde  üzüm agajynda ýörite tejribe geçirýärler. Tejribede ýörite üzüm baglarynda günde birnäçe sagat klassiki sazlary goýlupdyr. Saz goýberilmedik üzüm baglary  daşky  massasy boýunça 30% tapawut beripdir. Klassiki sazlary goýberilen üzüm agaçlaryna pestisidleri sepmeklik zerurlygy ýüze çykmandyr. Şunuň ýaly tejribeleri Belgiýanyň  “Genta” oba hojalyk  unwersitetinde  Ýannik Wan Doorn hem alyp barypdyr. Ol esasan üzüm agaçlarynda sazyň molekulýar derejede täsirini öwrenipdir, ýagny ylmy işgär saz üzümde belogyň biosintezini ýokarlandyrypdyr.

Oba hojalyk ekinlerine sazyň täsirini dünýäniň köp sanly bilermenleri tarapyndan öwrenildi. Olaryň bellemegine görä saz oba hojalyk ekinleriniň  hasyllygynyň artmagyna getiripdir. Agrotehnikanyň talaplary doly berjaý edilende we saz bilen barlag geçirilende ortaça hasyldan 20-60% hasyl ýokary alyp boljakdygyny synaglaryň netijeleri görkezipdir. Oba hojalyk ekinlerinden bugdaýda, şugundyrda, rediskada, mekgejöwende, nohutda, otag  güllerinde synag geçirlende ýokary görkezijiler alynypdyr. Mundan başga-da saz bilen baglanşykly tejribeler ösümlikler ýaramaz şertlerde ýagny, duzlylygy ýokary, gurak klimatly ýerlerde  geçirilen synaglarda ýokary netije beripdir. Hytaýda we Ýaponiýanyň miweli baglarynda we ýyladyşhanalarda ýörite saz goýbermek üçin enjamlar oturdypdyrlar.  Şeýlelik-de ösümlikleriň saz diňlemek ukyby bar. Ýöne ösümlikler hemme sazlarda  ýokary netijelilige eýe bolmaýar. Sebäbi dünýä belli  kompozitorlar bolan Bahyň, Mozartyň, Şopeniň klassiki sazlary, instrumental halk sazlary, jaz sazlar goýberlende ýokary görkezijileri beripdir. Rok sazlary bolsa ösümliklere ters täsir edip, ösümlikler ösüşden galyp, guramak bilen bolupdyr. Şeýlelik-de käbir döwletlerde ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin saz albomlar toplumlary satuwa çykarlypdyr.

Maýa HAJYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň  mugallymy.

    

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Zenit” Russiýanyň çempiony boldy

Russiýanyň futbol boýunça ýokary ligasy bolan “Premier Liganyň” 2019-2020-nji möwsümdäki çempiony mälim boldy. Ol hem “Zenit” toparydyr. “Zenit” topary çempionatyň 26-njy tapgyrynda myhmançylykda “Krasnodar” toparyny...

Süleýman Demirel Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Süleýman Demirel uniwersiteti attestat bahalaryň netijesine görä synagsyz ýokary okuw jaýyna kabul edýär. Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demireliň adyny göterýän bu Uniwersitet Isparta şäherinde...

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Türkmen milli saz gurallary. Kirişli saz gurallary. Üflenip we kakylyp...

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. ...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Aşraf Hakimi indi “Inter” toparynda

Futbol äleminde transfer möwsümi başlady. Häzirki wagtda transfer gyzgalaňly alnyp barylýar. Dünýäde futbol äleminde meşhur toparlaryň biri bolan "Real Madridiň" oýunçysy Aşraf Hakimi indi...

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Se­na­gat we ra­ýat jaý gur­lu­şy­gy. Gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny we demir­be­ton konst­ruk­si­ýa­la­ry­ny...

BEKI SEÝTÄKOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Başlangyç synplarda okatmak. Mekdebe çenli bilim we terbiýe. Mugallymçylyk mekdebine Daşoguz...

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Bi­na­gär­lik (hü­när­ler: bi­na­gär­lik; şä­her­gurlu­şyk we ilat­ly ýer­le­ri me­ýil­leş­dir­mek;...