No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/07/2020 6:53
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Nusgalar: Nanolingwistika
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

Nusgalar: Nanolingwistika

Birinji nusga: “1 + 2 = ab”. Türkmen dilinde bu görnüşde bogun galyby ýokdur. Ýöne başga dilden alynma söz bu nusga gabat gelýär. Suw diýen manyny aňladýan iki harpdan ybarat bolan bu sözüň asly parsçadyr.

Onuň türkmen dilindäki ýazylyşy: ab; okalyşy bolsa [a:p] görnüşinde çekimlisi uzyn aýdylýar. Şeýle hem sözüň soňundaky “b” fonemasy “p” şekilinde aýdylýar. [TDDS, I, 2016:24]

Bu aýdylyş [“b” ýerine “p”], belki-de diňe Türkmenlere mahsusdyr. Munuň sebäbi türkmen dilinde sözüň soňunda “b” gelmeýändigi üçin bolup biler. Bu ýagdaýyň ýazuwa geçen käbir nusgalaryny türkmen dilinde ulanylýan “Lebap”, “Farap”, “Murgap” ýaly böleginiň biri suw bilen baglanyşykly bolan geografik adalgalarda-da görmek mümkindir.

Ikinji nusga: üç harply, iki bogunly nusgadyr. Birinji nusgadaky söze (ab) ýöneliş düşümiň goşulmasynyň goşulmagy bile ýüze çykýan nusgasy diýmek bolar. Bu nusganyň türkmen dilindäki ýazylyşy: aba; okalyşy bolsa [a:va] görnüşinde birinji “a” çekimlisi uzyn, soňky “a” çekimlisi gysga aýdylýar. Şeýle hem iki çekimliniň [a+ / +a] arasynda gelen “b” fonemasy “v” şekilinde [a:va] aýdylýar.

Üçünji nusga: üç harply, iki bogunly sözdür. Bu sözüň türkmen dilindäki ýazylyşy: aba; okalyşy bolsa [ava] görnüşindedir [TDDS, I, 2016:24]. Gürrüňi edilýän söz özbaşdak söz bolup, ol gadymda “kaka” diýen manyny aňladypdyr. Mundan başga-da Türkmenler bu sözi öz ogullaryna dakyp, has at hyzmatynda ulanypdyrlar.

Dördünji nusga: üç harply, iki bogunly bolan ýokardaky söze ýöneliş düşümiň goşulmasynyň goşulmagy bile ýüze çykýan nusgasy diýmek bolar. Bu nusganyň türkmen dilindäki ýazylyşy: aba / Aba; okalyşy bolsa [ava: / Ava:] görnüşinde birinji “a” çekimlisi gysga, soňky “a” çekimlisi uzyn aýdylýar. Şeýle hem iki çekimliniň [a+ / +a] arasynda gelen “b” fonemasy “v” şekilinde [ava: / Ava:] aýdylýar.

Bäşinji nusga: dört ýa-da köp harply, iki bogunly bolan ýokardaky nusga alynma sözleriň düzüminde duş gelýär: abdy, abraý, abla

Altynjy nusga: “2 + 1 = ba”. Türkmen dilinde bu görnüşde açyk bogun galyby bardyr. Bu bogunlaryň gaty köp sanly görnüşleri bardyr.

Türkmen dilinde şol nusgalary anyk öwrenmek üçin, öňi bilen aşakdaky ýaly umumy birleşimleriň görnüşlerini doly hasaba almak zerurdyr.

açyk bogun (1/2) + açyk bogun (-ba)

 

Mysallar: 1.a-ba, o-ba…;  2. gu-ba, ta-ba, sa-ba, to-ba, ýa-ba

 

ýapyk bogun (3) + açyk bogun (-ba)

 

Mysallar: çor-ba, gar-ba, tor-ba, tur-ba, zar-ba

 

Ýedinji nusga: “2 + 1 = ba”. Soňy “p” bilen gutaran atlaryň (kitap, gutap, jorap, jogap, sogap, arap, garyp…) ýöneliş düşümiň goşulmasyny almagy bilen ýüze çykýan nusgalar:

Meselem, kitap + a = ki – ta – ba;  gutap + a = gu – ta – ba; jorap + a = jo – ra – ba;  jogap+ a = jo – ga – ba;  sogap + a = so – ga – ba; arap + a = a – ra – ba; garyp + a = ga – ry – ba

Sekizinji nusga: “bal, bak, bar, bas, bat, baş, baý…” ýaly bir bogunly sözlere çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda, birinji bognuň  galypy “2 + 1 = ba” nusganyň birleşmeginden emele gelýär:  bal: bal+yň = ba-lyň; bal+a = ba-la; bal+y = ba-ly;  bak: bak+yň = ba-kyň; bak+yp = ba-kyp; bak+ar = ba-kar…

Dokuzynjy nusga: Sözleriň birinji bognunda duş gelýän “2 + 1 = ba” nusgalary: “ba-da, ba-ha, ba-ja, ba-gyr, ba-tyr, ba-syr, ba-ky, ba-kyr, ba-la, ba-lak, ba-lyk, ba-şam, ba-şak, Ba-gyr, Ba-my, Ba-kuw…”

Onunjy nusga: “2 + 1 = ba” nusganyň iki gezek gaýtalanmagy bilen emele gelýän dört harply iki bogunly, iki bogny-da açyk bolan sözdür. Muňa “baba” sözi degişlidir. Garyndaşlyk gatnaşyklaryny aňlatmak üçin ulanylýan bu bogun galyplaryň “13 + 1 = ka” we  “15 + 1 = ma” nusgalary hem türkmen dilinde işjeň ulanylýar: ka-ka (kaka),  ma-ma (mama). Bu nusgany başga dilleriň sözlük hazynasynda hem görmek mümkindir.

(dowamy bar)

 

Edebiýatlar:

 

1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.

2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.

3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.

4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.

5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.

6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.

7.Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988.

8.Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018, С. 213-220.

9.Червякова Л. Д. Правомерность существования нано-лингводидактики. Росский научный журнал. № 4 (42), 2014, С. 214-220.

  1. Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013.

11.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. I kitap. Fonemalar sözyleýişde. Aşgabat: Ylym, 2019, 520 s.

12.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. II kitap. Sözyleýşiň fonetik gurluşy. Aşgabat: Ylym, 2019, 436 s.

13.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde söz basymy (eksperimental-fonetik derňew). Aşgabat: Ylym, 2012, 260 s.

14.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde sözüň singarmonizm hadysasy. Aşgabat: Ylym, 2013, 332 s.

  1. Efrasiyap Gemalmaz, Türkçenin Derin Yapısı, Yayıma Hazırlayanlar Cengiz Alyılmaz-Osman Mert. Belen Yayıncılık, Ankara 2010, XXVI+574 s.

IŇ TÄZE HABARLAR

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

Tomsuň ortaky aýy howanyň üýtgemegi we düzümindäki maddalaryň kadadan ýokary bolmagy bilen baglanyşykly tebigy ekzogen täsirini peseltmek maksady bilen, saglygy goraýyş, söwda nokatlarynyň, bazarlaryň,...

Göterip bolýan serginlediji öndürdi

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy adamlaryň ýanynda götermegine mümkinçilik berýän kinniwanja serginlediji öndürdi. Ony geýýän futbolkaňyzyň jübüsinde hem göterip bolar. Bu enjam adamyň bedeniniň gyzgynlygyny 23...

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 13-nji iýulda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň, eminleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. Maslahatda milli çempionatymyzyň birinji we ikinji aýlawynyň...

Diňe 19 sanysy öndüriler

Italiýanyň kaşaň sport ulaglaryny öndürýän “Lamborghini” kompaniýasy “Lamborghini Sion Roadster” görnüşini tanyşdyrdy. Bu ulagyň “Lamborghini” kysymly ulaglaryň üsti açyk görnüşiniň iň güýçli ulaglarynyň biri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Oskar baýragynyň eýesi Ennio Morrikon aradan çykdy

Oskar baýragyna mynasyp bolan italýan kompozitory Ennio Morrikon aradan çykdy. Günbatar görnüşindäki aýdym-sazlary bilen meşhurlyk gazanan Morrikon 88-nji Oskar baýraklarynda “The Hateful Sight” aýdymy...

TÜRKMENISTANYŇ INŽENER-TEHNIKI WE ULAG KOMMUNIKASIÝALARY INSTITUTY

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we...

Habib Nurmagomedowyň kakasy aradan çykdy

UFC ugry boýunça garyşyk başa-baş göreş babatda çempionlyk derejesiniň eýesi russiýaly türgen Habib Nurmagomedowyň kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykandygy mälim edildi. Metbugat gulluklarynyň habar...

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY DAŇATAR ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Türkmen milli saz gurallary. Kirişli saz gurallary. Üflenip we kakylyp...