No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 4:59
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Nebıt-gaz ýataklarynyň önümçiligi ýokarlandyrylýar

Nebıt-gaz ýataklarynyň önümçiligi ýokarlandyrylýar

Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak köp babatda ýataklaryň önümliligini ýokarlandyrmagyň, olary işläp geçmegiň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýär. Bu ulgamda, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary ýurtly hem-de türkmen hünärmenleriniň bilelikde, netijeli işlemegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti özüni borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. 2018-nji ýylyň ahyrynda onuň bilen Goturdepe ýatagynda 88 guýyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada goşmaça şertnama baglaşyldy.

Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, «Türkmennebit» döwlet konsernine Birleşen Arap Emirliklerinde hasaba alnan «Turkmen Petroleum Products Trade DMCC» kompaniýasy bilen «Döwletabat» gaz ýatagyndaky 30 guýuda tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Merkezi Garagumdaky gaz kondensat ýataklar toparyna hyzmat edýän «Zäkli Derweze» gaz arassalaýjy desgalarda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «GP Global Equipment Pte Ltd» (Singapur) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

www.atavatan-turkmenistan.com degişli habarlary

 

«Mitsubishi Corparation» : Galkynyş gaz ýatagynda täze taslama

Italiýanyň “Eni” kompaniýasyndan 2,2 milliard dollar maýa goýum

Dragon oil: 7 milliard dollar möçberinde göni maýa goýum

CNPC : Türkmenistana 8,3 milliard dollar maýa goýum

Türkmen tebigy gazy Russiýa iberilýär

Petronas Charigali : Hazaryň Türkmen bölegine 11 milliard dollar

Ägirt uly energiýa taslamalary durmuşa geçýär

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan we Germaniýa : COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň DIM-niň Döwlet Sekretary Migel Bergeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňişleýin düzümine seredip,...

Onlaýn Söwda işini amala aşyrmak isleýänler üçin

Türkmenistanda soňky döwürde onlaýn söwda ösýär, täze-täze onlaýn satyş hyzmatlaryny hödürleýän web saýtlar we aplikasiýalar hyzmata hödürlenýär. Onlaýn söwdanyň ösýän döwründe harytlary distansion usul...

33 günde 3 kubok

Russiýanyň Superkubogyny (Naýbaşy kubogy) almak ugrundaky ýaryşda ýurduň çempiony «Zenit» topary bilen çempionatda ikinji bolan “Lokomatiw” toparlary duşuşdy. Duşuşykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan “Zenit”...

Zenan syýahatçylardan täze rekord

Beýik Britaniýaly iki zenan iki adamlyk welosipedde dünýäniň aýlanyp çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Täsinlik neşiriniň wekilleri bu syýahatyň esasy aýratynlygy hökmünde onuň gysga...