No menu items!
8.9 C
Istanbul
02/06/2020 12:07
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Monreal — jahankeşdeleriň söýgüli şäheri

Monreal — jahankeşdeleriň söýgüli şäheri

Monreal Kanadanyň ykdysady we medeni taýdan ösen şäherleriniň biridir. Ol Ýewropa yklymynyň özüne çekiji, köp milletli ajaýyp şäherleriniň biri hasaplanýar. Ony köpler «Kanadanyň Pariži» diýip atlandyrýar. Monreal dünýäde iň janly şeýle hem ajaýyp binagärçilik sungatyny özünde jemleýän şäherdir. Monreal Kanada-da iň köp syýahat edilýän şäherleriň biridir. Şäher 19 uly sebite bölünýär. Bu şähere her ýylda millionlarça jahankeşdeler myhman bolýar. Olar hem öz gezeklerinde Monreal şäherine syýahat etmek isleýän syýahatçylara özleriniň ajaýyp maslahatlaryny berýär. Biz hem şol maslahatlary öz okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Halkara jazz festiwaly

Eger-de siz aýdym-sazy söýýän bolsaňyz, onda siz iýul aýynda Monreal şäherine gelmek maslahat berilýär. Çünki bu ýerde her ýylda Halkara jazz festiwaly geçirilýär. Oňa dünýäniň aýdym-saz sungatynda ussatlyga ýeten 3 müňe golaý sazanda gelýär. Her ýylda bu festiwaly tomaşa etmäge gelýän adamlaryň sany 3 milliondan geçýär. Bu festiwal 10 gün dowam edýär. Olaryň arasynda käbiriniň girişi tölegsiz amala aşyrylýar. Bu konsertlere girip, orkestrleriň janly sazyny diňlemegiň lezzeti başgaça.

Monreal Botanika bagy

Monreal Botanika bagy dünýädäki iň owadan seýilgähleriň biridir. Onuň umumy tutýan meýdany 75 gektara barabardyr. Ol Kanadanyň milli owadan ýadygärligi şeýle hem dünýädäki iň möhüm botanika baglarynyň biri bolmagy başardy. Bagyň esasy aýratynlyklaryndan biri, dünýäniň dürli künjeginden ösümlikleri öz içine alýan ägirt ýyladyşhana toplumydyr. Şeýle hem, onda köp sanly açyk baglar bar. Şeýle hem Monreal Botanika bagynda Kanadanyň dermanlyk ösümlikleri bilen bir hatarda ýerli ösümlikleri gorap saklamaga gönükdirilen ýörite meýdançalar bar.

Geçmişi özünde jemleýän mekan

Monreal şekillendiriş sungaty muzeýi azda-kände her bir ynsany geçmişe ýakynlaşdyrýar. Monrealda köp sanly ajaýyp muzeý bar. Olar Kanadanyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna bagyşlanýar. Bu muzeýler şähere gelýn jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň ilkinji düşelgesi hasaplanýar. Olar bu ýerde geçmişi özünde jemleýän bu gadymy şäheriň taryhy bilen bagly täsirli maglumatlar bilen tanşyp bilýär.

Keýpiňi çaglaýan ajap köçeler

Monreal şäherinde aýlanmaga, görmäge zatlar köp. Onuň asuda, owadan, ajaýyp köçelerinde seýil etmegiň keýpi başgaça. Sankt-Pol Monreal şäheriniň iň meşhur köçesi hasaplanýar. Onda lezzet almak üçin birnäçe restoranlar, ýadygärlik sowgatlyk dükanlar we çeperçilik galereýasy bar. Bu köçede adamlara hyzmat edýän islendik nokatlar amatly bahadan tapawutlanýar. Bu köçäniň dizaýn aýratynlygy, bagdyr bakjalar bu ýere gelýän adamlarda ýakymly täsir galdyrýar.

Şäheri bulutlaryň deňinde synla

Monreal şäherine ýokarydan synlamagyň aýratyn lezzeti bar. «Au Sommet» şäheri ýörite synlanýan ýer bolup ol şäheriň iň beýik ikinji binasynda ýerleşýär. Ol ýerde şäheriň merkezini, binalary, dagdyr derýalary päsgelçiliksiz görnüşleri görmek bolýar. Şähere gelýän jahankeşdeler, syýahatçylar bu ýeriň ajaýyplygyna haýran galýarlar we şähere syýahata gelýänlere bu ýere gelmegi maslahat berýärler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Semagyň şertnamasynyň möhleti uzadyldy

Russiýanyň “Zenit” toparynyň ýolbaşçylary toparyň bäş tälimçisi Sergeý Semak bilen täze şertnama baglaşdylar. 44 ýaşly hünärmeniň şertnamasynyň möhleti “2+1” görnüşinde uzadyldy. Ýagny Semak ýene-de 2...

Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji...

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin...

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Howa demirgazykda 30 derejä çenli maýlady

Arktika yklymynda howa heniz görlüp-eşidilmedik derejede gyzýar. Yklymyň käbir ýerlerinde howanyň maýyllyk derejesi 30 gradusa çenli ýetýär. Bu hakynda «Daily Mail» neşiri habar berýär. Alymlaryň...

Çagalar sungat mekdebi okuwa kabul edýär

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça çagalary okuwa kabul edýär: Ýörite fortepiano. Bu...

Ylym we tehnikanyň utgaşmagynyň taryhy

Bilimiň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmegidir. Adamzat özüniň döredijilik ukyby bilen tapawutlanmagy esasynda has amatly durmuşda...

Bogunlaryň Nanofonologik Molekulalary

Rus dilinde  “15 + 1 = ма-” nusganyň iki gezek gaýtalanmagy bilen emele gelýän dört harply iki bogunly, iki bogny-da açyk bolan söz (ма-ма)...