8.9 C
Istanbul
05/04/2020 5:54
Home IŇ TÄZE HABAR Ministr Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Ministr Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimini, şol sanda, durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ynanyşmak we açyk häsiýetlere eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklary barada aýratyn belläp geçdiler.

Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajyplygyny nygtamak bilen, taraplar işjeň gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy esasynda amala aşyryldy.

SON HABERLER

Aliment tölemekden boşadylyp bilinýärmi?

Aliment tölemekden boşatmak ýa-da olar boýunça berginiň azaldylmagy diňe kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär. Eger kazyýet aliment töleýäniň näsaglygy sebäpli ýa-da esasly başga sebäplere görä aliment...

Aliment tölemek hakynda şertnama haýsy tertipde baglaşylýar?

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adam bilen ony alýan adamyň arasyndaky meýletin ylalaşyk boýunça, aliment tölemäge borçly adamyň ýa-da aliment alýanyň kämillik...

Döwlet kömek pullarynyň nähili görnüşleri bellenilýär?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 55-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, Türkmenistanda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, çaga doglanda...

Döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin haýsy edara ýüz tutmaly?

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 67-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi üçin (muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?