No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 6:50
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Metallurgiýa kremnisiniň önümçiligi ýola goýlar

Metallurgiýa kremnisiniň önümçiligi ýola goýlar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýerli çig mallaryň esasynda metallurgiýa kremnisiniň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ministrlik baý minerallaryň we çig malyň esasynda senagat pudagyny ösdürmek boýunça birbada birnäçe taslamanyň üstünde işleýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar üçin degişli önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada öndürilýän demriň düzüminiň hilini hem-de berkligini üpjün etmek maksady bilen, zerur himiki goşundylar goşulýar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Köpetdag sebitinde ýerleşýän «Mäne» ýatagyndan alynýan kwars çäge daşyny we demir gyryndylaryny hem-de nebit koksuny ulanmak arkaly himiki goşundyny öndürmek boýunça tejribe-synag işlerini geçirdi we oňyn netijeleri aldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň agyr senagatyny ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän wajypdygyny aýtdy hem-de ýerli çig malyň esasynda uly isleg bildirilýän gurluşyk önümlerini öndürmegi mundan beýläk-de içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň baý peýdaly gazylyp alynýan baýlyklarynyň köp sanly ýataklaryny öwrenmegiň we barlamagyň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geljekde ýerli serişdeleriň senagat taýdan işjeň özleşdirilmegi hem-de täze önümçilikleriň ýola goýulmagy Diýarymyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga hem kömek eder. Munuň özi gurluşyk pudagynyň okgunly ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.

Bu babatda aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz täze önümleriň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýörite barlaghanasynda degişli synagdan geçirilmelidigini hem-de bildirilýän talaplara we hil ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bruno Fernandes Ronaldonyň yzyndan ýetdi

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly futbolçysy Bruno Fernandes bassyr 2 aýdan bäri “Premier Ligada” aýyň futbolçysy saýlandy. Bu üstünligi bilen ol ildeşi Kristiano Ronaldonyň...

Setýän “Barselonada” galar

“Barselona” toparynyň prezidenti, häzirki möwsümde topara tälim berýän Kike Setýeni, indiki möwsümde hem tälimçilik wezipesini dowam etdrimek isleýär. “Barselona” toparynyň prezidenti Hosep Bartomeu bolsa...

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine nähili täze hünärler girizildi? Tanyş boluň!

Tä­ze okuw ýy­lyn­da ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ka­bul edil­jek­le­riň sa­ny ge­çen ýyl­daka ga­ra­nyň­da iki müň adam­dan hem köp­dür ― diýip, «Mugallymlar gazeti» gazeti ýurdumyzyň ýokary okuw...

Göterip bolýan serginlediji öndürdi

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy adamlaryň ýanynda götermegine mümkinçilik berýän kinniwanja serginlediji öndürdi. Ony geýýän futbolkaňyzyň jübüsinde hem göterip bolar. Bu enjam adamyň bedeniniň gyzgynlygyny 23...