20/10/2020 22:48
Home IŇ TÄZE HABAR Messiniň ykbaly nähili bolduka?

Messiniň ykbaly nähili bolduka?

Soňky günlerde futbol dünýäsi Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem-de Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýyldyz futbolçysy Lionel Messi barada gürrüň etmäge başlady. Messi “Barselona” toparynyň Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan Çempionlar ligasynda 8:2 hasabynda utulmagyndan soňra bu toparda gitjekdigini mälim etdi.

Dünýäniň iň güýçli futbolçysy hasaplanýan Messiniň transferi barada köp sanly makalalar toplumy ýazyldy. Dünýä metbugatynyň sahypalarynda Messiniň Angliýanyň “Mançester Siti”, Fransiýanyň “PSŽ” hem-de Italiýanyň “Inter” toparyna gidip biljekdigi mälim edildi.

Ýöne “Barselona” topary bu transfere başyndan bäri garşy çykdy. Olar transferiň bahasy 700 million ýewro çykardylar. Şondan soňra topar bilen Messiniň arasynda düşünişmezlikler başlady.

Messiniň kakasy hem-de menejeri Horhe Messi “Barselona” toparynyň ýolbaşçysy Žozep Bartomeu bilen gepleşikler geçirdi.

Şondan soňra Messi metbugata beýanat bilen çykyş etdi. Ol “Barselonada” futbol oýnamagy dowam etdirjekdigini belledi. Ol ýene-de bir möwsüm bu toparda çykyş etmegi dowam etdirer.

Messi beýanatynda şeýle diýdi: “Men häzirlikçe galýaryn, sebäbi toparyň ýolbaşçysy maňa gidip biljek ýeke-täk ýolumyň 700 million ýewro möçberiniň tölemek bilen boljakdygyny aýtdy. Bu mümkin däl.”

Okap bilersiňiz  Täze ýylyň täsin myhmany

33 ýaşly Messiniň “Barselona” topary bilen baglaşan şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

Okap bilersiňiz  Türkiýede orta mekdepleriň başlaýan wagty belli boldy

Messi 2003-nji ýyldan bäri bu toparda oýnap gelýär. Topar bilen bilelikde 10 gezek Ispaniýanyň çempiony we dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda ýurtlaryň orny

Dünýäniň 93 ýurdunyň 1500-den gowrak uniwersitetleriniň “okatmak, ylmy-barlag we halkara dünýägaraýyş” ýaly ugurlar boýunça sanawy taýýarlandy. “Times Higher Education” edarasynyň dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň...

Zebra pirogy

Taýýarlamak üçin gerek önümler:
Okap bilersiňiz  Täze ýylyň täsin myhmany
1 ýumurtga 1 bulgur şeker 1 bulgur gatyk 1 bulgur un 1 çaý çemçesi wanilin 1 çaý çemçesi gabartma tozy ...

NASA Aýda 4G tehnologiýasyny gurar

“NASA” we “Nokia” kompaniýasy bilelikde Aýda 2028-nji ýyla çenli 4G tehnologiýasyny işlemäge gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Amerikan Aerokosmos Guramasy (NASA) we “Nokia” tehnologiýa kompaniýasy...

Welosiped önümçiliginiň öňdebaryjysy kim?

Ýewropada howanyň üýtgemegine garşy göreşde awtoulag önümçiliginde elektrikli ulaglara has köp ähmiýet berilýän bolsa, welosiped önümçiligi hem ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ýewropa Bileleşiginde welosiped önümçiliginde...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Internetiň tizligi üçin 60 emeli hemra

ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasy “Starlink” internet emeli hemra torunyň bir bölegi hökmünde ýene-de 60 sany emeli hemrany kosmos giňişligine çykardy. Dünýä belli işewür Ilon Maskyň...

Daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin daşary ýurtlarda taýýarlanmagy zerur hasaplanylýan hünärler boýunça daşary ýurtlarda okan Türkmenistanyň raýatlaryny iş bilen üpjün etmek, olaryň Sargytçy edara bilen ...

Göz-penjire, ýürek-aýna

Täze nikalaşan maşgala täze öýüne göçüp geldiler. Irden ertirlik edinýärdiler, goňşysy ýuwulan eşiklerini serýärdi. Gelin ýoldaşyna: “Eşiklerini gowy ýuwmandyr, gowy tämizleýiji serişdesini ulanmaýarmyka” –diýdi....

Bütindünýä statistika güni

Bütindünýä statistika güni Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika geňeşiniň ýolbaşçylygyndaky global hyzmatdaşlyk çäresidir. BMG-niň Ykdysady meseleler boýunça Statistika departamentiniň we möhüm habarlary kesgitleýän web sahypasy...