No menu items!
26/09/2020 4:24
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR «MB» zenan aýakgaplaryny hem öndürip başlady

«MB» zenan aýakgaplaryny hem öndürip başlady

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti her günde erkek kişiler, kiçi we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen dürli aýakgaplaryň 200-den gowragyny öndürýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hojalyk jemgyýeti aýakgap önümçiligini Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Ýe­ňiş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Aksuw deri» hojalyk jemgyýeti bilen özara şertnama esasynda alyp barýar.

Hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatda ýerleşýän önümhanasynda 120-ä golaý hünärmen zähmet çekýär. «MB» haryt nyşanly aýakgaplar görnüşleriniň dürli-dürlüligi we möwsümleýinligi bilen, şeýle-de harytlyk görnüşi boýunça tapawutlanýar.

Indi önümhana zenanlar üçin aýakgaplary öndürmäge niýetlenen enjamlar hem ornaşdyryldy. Olarda zenanlar üçin owadan, göze gelüwli we ýakymly aýakgaplaryň dürli görnüşleriniň öndürilip başlanmagy, hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň täzeçillik esasynda iş alyp barýandyklarynyň ýene bir aýdyň güwäsidir.

Hojalyk jemgyýetinde söwda-satuw işleri onlaýn görnüşinde hem alnyp barylýar. 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Eziz Watan – bagta barýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bedew» atly şygrynda: Guwanjymyz, şöhratymyz, şanymyz — Watandyr gursakda şirin janymyz — diýip, mähriban Diýarymyzy söýmegiň beýik nusgasyny görkezýär. Mähriban Arkadagymyzyň wasp edişi...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

Haýwanlar barada: dünýäniň iň kiçi aty

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty hökmünde “Bil hany. Ine şu” atly kitapdan peýdalanyp, taýýarlaýan gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi dowam edýäris. Žirafanyň çagasyny...

“Volvo” elektrik awtoulag öndürijisi bolmak isleýär

“Volvo” kompaniýasy täze elektrik ulag strategiýasyny we meýilnamasyny düzýändigini mälim etdi. Kompaniýanyň maksady geljekde dünýäniň iň iri elektrik awtoulag öndürijileriniň biri bolmakdan ybaratdyr. Alymlaryň bellemeklerine...