No menu items!
20/09/2020 23:31
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Magtymgulynyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi

Magtymgulynyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi

              Türkmenistanyň   Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow:

─ Magtymguly türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwletgurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi  bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýsyz tagallalary  netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň meşhur şahsyýetlerini, nusgawy şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi ylmy taýdan düýpli öwrenilýär, olaryň gymmatly mirasy halkymyza elýeterli edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana ,halka wepaly ,arassa ahlakly,belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär.Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren goşgulary çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer ideýalary gozgalýandygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow:,,Magtymguly Pyragy ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini,kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadydyr. Akyldar şahyrymyzyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge,durmuş kanuny hökmünde kabul edipdir’’ diýip uly buýsanç bilen belleýär.

Magtymgulynyň döredijilik älemi bahar aýlarynyň sähramyzda bitýän dürli otlara, güllere dürli öwüşgin berip, misli türkmen halysynyň nepis çitimini ýadyňa salşy ýaly, ol gülleriň dürli reňkde bolup, sähramyzy bezeýşi ýaly, şahyryň goşgulary hem okyjysynyň aňyna hiç bir reňk ulanman, söz baýlygy bilen ony bezeýändir.

Türkmen halkynyň söýgüli şahyry , beýik akyldar Magtymguly döwrüniň öňde baryjy, ylymly adamy bolup, bahasyna ýetip bolmajak köp sanly eserlerini bize miras galdyrypdyr.

Magtymgulynyň köptaraply baý döredijiliginiň ep-esli bölegi aýal – gyzlara degişlidir.Şahyryň bu temada ýazan eserlerini iki topara bölmek bolar.

  1. Umuman, zenanlara degişli eserler;
  2. Meňlä degişli eserler.

Magtymgulynyň zenanlara degişli döreden eserleri olaryň diňe bir görk-görmegini,daşky keşbini-owadanlygy taryplamak bilen çäklenmeýär.Şahyryň goşgularynda zenanlaryň daşky keşbini, gylyk-häsiýetini taryplamak, olaryň maşgalada tutýan uly ornuny görkezmek bilen utgaşdyrylyp beýan edilýär.

Magtymgulynyň goşgularynda gelin-gyzlaryň gözelliginiň  waspy.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda zenan mertebesi belentde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz ,,Enä tagzym- mukaddeslige tagzym’’ atly kitabynda:,,Zenan düşünjesine halkymyz ,,ene’’, ,,uýa’’, ,,aýal dogan’’, ,,ömürlik durmuş hemrasy’’ diýen manylarda garaýar’’ diýip belläp geçýär. Taryhda belli bolşy ýaly türkmen halky zenanlaryny gözüniň göreji ýaly saklap, olara dünýädäki iň owadan we gymmatly zatlary bagyş edipdirler.Her döwürde her bir şahyr türkmen zenanyny suratlandyryp wasp edipdir.Eýsem türkmen zenanyny wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek.

XVIII asyrdan bäri türkmeniň ruhy ganaty we şamçyragy bolup gelýän beýik akyldar şahyr  Magtymguly Pyragynyň döredijilik temasy köp taraplaýyndyr. Magtymgulynyň goşgularyny okap her bir okyjy durmuşda gabat gelýän iň çylşyrymly ýollardan baş alyp çykmaklyga aýdyň ýollaryny tapýandyr.Akyldar gelin-gyzlara örän uly hormat goýýar.Akyldar şahyryň umman ýaly giň we çuň manyly,köptaraplaýyn  döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy,däp-dessurlary bilen birlikde gelin-gyzlaryň mertebesi,gylyk-häsiýetleri,edep-ekramy,görk-görmegi bilen baglanyşykly ençeme şygyrlary döredipdir.Ol zenanlaryň maşgala,durmuşda, jemgyýetde tutýan uly orny baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Şahyr:

Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,

Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa-

diýmek bilen, gelin-gyzlary maşgalanyň görki, durmuşyň bezegi hasaplaýar.Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň şygrynda:

Menem diýen goç ýigide,

Bir mynasyp ýar gerekdir ─

diýen. Beýik akyldar şahyr aýal-gyzlaryň durmuşdaky ornuna hem örän ýokary baha beripdir. Biz şahyryň döredijiliginiň bu tarapy barada durup geçmek isleýäris.

Çagalary watansöýerlik, ahlaklylyk, ynamlylyk ruhynda terbiýelemek işinde esasy borç zenanlaryň─ maşgalanyň bikesiniň egnine düşýär. Sebäbi eneler gije – gündiz balalarynyň aladasy bilen dem alýar.

Şahyr zenanlaryň maşgalada,çagalary terbiýelemekde, aýratyn hem asylly, edep-ekramly, işjeň gyzlary we mert, batyrgaý, watana wepaly, il-halkyň aladasyny edýän oglanlary kemala getirmekde uly hyzmatynyň bardygyny nygtaýar. Magtymguly atamyz öý bikesiniň akyllylygy, zähmetsöýerligi, salyhatlylygy bilen gyzlaryna görelde görkezmelidigini ündeýär.Magtymguly Pyragy:

Maňlaýy bir garyş,bolsun at ýüzli,

Tawus guş simaly,ütelgi gözli,

Mylakatly,şirin tilli,hoş sözli,

Ol periler kä ýigide duş geler─

diýip ýazypdyr.Hut şoňa görä-de türkmen ýigitleri aýallaryň sarpasyny, mertebesini emydama al-asmana göterip, olaryň belent adamkärçiligine, edim-gylymynyň päkligine, balasöýerligine ýokary baha berip gelipdirler. Erkek kişiler zenanlary ýürekden söýüp,olara bar hany-manyny ynanypdyrlar. Magtymguly Pyragynyň nazaryça, hakyky türkmen zenany maşgala çäksiz söýgüsi, yhlasy bilen öz at-abraýyny mydama arşa götermelidir.Munuň üçin ýigit gyzlaryň içinden akylly-başly özüne ömürlik ýar saýlamagy başarmalydyr. Iň esasy zat, söýginiň,hormatyň,ynamyň ikitaraplaýyn bolmagydyr.Bu pikiri Magtymguly Pyragy köp goşgularynda öňe sürýär.

Magtymgulynyň döredijilik tematikasy örän giňdir.Onuň döredijiliginde ähmiýetli orun alan temalaryň biri-de aýal-gyzlar meselesi.Ynsanperwer şahyr gyz-gelinlere hormat goýup, olary ýaşaýşyň bezegi, maşgalanyň görki hasaplapdyr.Şahyr aýal-gyzlaryň durmuşdaky kanuny orunlary barada progressiw pikirleri öňe sürüpdir:

  1. Maşgalanyň erkin söýgi esasynda guralmagyny isläpdir.
  2. Maşgalada iki tarapyň-da birek-birege hormat goýmagyny zerur hasaplapdyr.
  3. Maşgalanyň biri-birine mynasyp adam bilen gurulmagynyň möhümdigini belleýär.
  4. Gyzlaryň mynasyp bolmadyk adamlara durmuşa çykarylmagyna garşy çykýar.
  5. Adamzadyň iň näzik duýgusy bolan söýgä Magtymgulynyň döredijiliginde giň orun berilýär.

Magtymgulynyň köp goşgulary gyz-gelinleriň gözelligini, edep-ekramyny,olaryň el hünärini wasp etmeklige bagyşlanýar.

Şahyr türkmen gyzlarynyň şar gara saçlaryny syýa, nurana ýüzlerini bolsa kümüşe meňzedip şeýle ýazýar:

Alma zenehdana,bu kümüş ýüze-

Zülpüň syýa,suratkärler dökümli

ýa-da:

Humaý oturyşly, laçyn turuşly,

Kebuter topukly, maral ýörişli,

Täze hilal gaşly,merwerit dişli,

Tawus guş zynatly,Dawut duruşly,

Terbeza şiweli,käkilik nagyşly,

Tugun guş timarly,tarlaň bakyşly,

Magtymguly,sen dek görmedim dildar,

Bu jana ýararly,köňle ýakymly.

Şahyr türkmen gyzlarynyň gözelligini guş-gumrularyň keşbi,timarlylygy,asylly hereketleri we kereşmeleri,owadan hem gelşikli sypatlary bilen deňeşdirýär.Magtymguly durmuşy-da, tebigaty-da ýiti synlaýan,ony her taraply öwrenýän adam bolupdyr.Onuň gyzlaryň çalasynlygyny laçyna,salyhatly hem näzli ýörişini marala,owadan hem-de gelşikli aýaklaryny kepderi topugyna ýa-da olaryň buýsanjaňlyk bilen bakyşyny tarlaň bakyşyna  meňzedýänliginden hem aýdyň görmek bolýar.

Magtymguly her kimiň özüne ýürekdeş, gadyr bilen mähriban ýarynyň bolmagyny arzuw edipdir.

Gadyr bilenden daş etme,

Nägadyra ýoldaş etme,

Til bilmez bela duş etme,

Sada dil bolsun türkana.

Magtymgulynyň zenanlara bagyşlap ýazan goşgularynda öňe sürülýän pikirler biziň günlermizde hem özüniň terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmeýär.

Magtymguly türkmen zenanlarynyň görkini wasp edip öz şygrynda şeýle ýazypdyr:

Bir dilbere duş boldum, gamzasy ok,gaşy ýaý,

Gün haýrandyr görkünden, hijalata dogan aý.

Mundan başga-da Magtymguly öz şygrynda:

Är ýigidiň içi doly armandyr,

Gara göz , gunça bil ýary bolmasa…

-diýýär.

Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň goşgularyny neşir etmekde soňky döwürlerde-Garaşsyzlyk ýyllarynda köp işler edildi. Sowet ideologiýasy döwründe neşir edilmedik goşgulary hem halka ýetirmäge mümkinçilik döredi. Indi şahyryň goşgularyny hemmetaraplaýyn doly öwrenmäge giň mümkinçilikler bar.Magtymguly Pyragy örän köp şygyrlarynda gelin-gyzlaryň päk söýgä mynasypdygyny beýan edýär. Olaryň edep-ekramyny,içki we daşky gözelliginiň sazlaşygyny,gyz maşgala mahsus bolan asyllylygyny,sadalygyny,mylaýymlygyny,arassa ahlaklylygyny,edepliligini utanç-haýalylygyny, wepalylygyny ussatlarça wasp edipdir:

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Onuň hyzmatynda durasyň geler,

Edepli-ekramly mylaýymzada,

Tä ölünçäň bile bolasyň geler.

Görnüşi ýaly, Magtymguly tüýs halk şahyry derejesinde öz eziz milletiniň, gelin-gyzlarynyň ruhy, ahlak-ynam belentligine ýürekden guwanýar. Maşgala bikesi boljak gyz, ozaly bilen, sagdyn ruhy haly, edep-ekramy boýunça ýokary derejäni eýelemelidir, şirin sözli-mylaýym, medeniýetli bolmalydyr diýýär. Diňe şonda geljekki gelin täze düşen öýünde tämiz ruhy bilen, goýazy-agras häsiýeti bilen tutuş maşgalanyň ar-namysyny özüne tug edinip biler.

Akyldar şahyryň nazaryça , zenan ak bäbekli, göregeý,yşnakly bolsa oňa ýetesi zat ýok, emma esasy zat onuň ýüreginiň päkligi bolmalydyr, ýagny, ,,Jan içinde bile bolar ýüregi’’, şonda iki ýürek her hili kynçylyklary ýeňip geçmäge ukyplydyr,diňe deň urýan arassa ruhly ýürekler maşgalany abraýly,belent derejä göterer.Bu bolsa tutuş obanyň,halkyň abraýydyr.

Beýik şahyr özüniň ,,Ýüzünden’’ atly şygrynda türkmen zenanynyň gözelligini wasp edýär:

Aý kibi roýuňy gördüm,

Nur saçylar ýar ýüzünden,

Bir Mejnunam,däli erdim,

Nowaýy jindeli sazyndan.

Şahyryň ,,Uýat eýleýir’’atly goşgusynda türkmen gyzyny suratladyrýar:

Meňli hanym golun dişläp,

Bizden ki uýat eýleýir.

Kä daranyp uz ýörişläp,

Bizden ki uýat eýleýir.

Magtymguly söýen gyzynyň  gara gözlerini wasp edip şeýle diýýär:

Magtymguly ýar armany,

Agladar beşer-gulmany,

Musulmanyň din-imany,

Ymmatdyr gara gözleriň.

Bu mysallardan görnüşi ýaly , olarda taryplanýan maşgalanyň gara gözleri, görki din- iman bilen deňeşdirilýär.  Zenanlara bu hili hormat  bilen garamak, Gündogar halklarynyň beýik şahyrlarynda-da ─Nowaýyda,Nyzamyda we beýlekilerde hem bolupdyr.

Magtymgulynyň goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň häsiýetini we egin-eşiginiň aýratynlyklaryny görkezýän detallar, alamatlar hem ulanylýar. Meselem , Şahyr özüniň ,,Gözel sen’’ atly goşgusynda türkmen gyzynyň örän owadan keşbiniň bardygyny suratlandyrýar:

Gün hanjary gökden ýere inende,

Güne garşy dogan Aýy gözel sen.

Ussa Jagfar işi, senjap jüpbesi,

Yspyhanda gurlan ýaýy, gözel sen.

 

 

Magtymguly aýal-gyzlaryň erbet gylyk häsiýetleriniň maşgala durmuşyna hem uly zyýan berýändigini,munuň aýratyn hem ýan ýoldaşyna-adamsyna agyr degýändigini ýerlikli belleýär:

Guwanmagyn sypatyna,

Münersiň gahar atyna,

Duş bolsaň ýaman hatyna,

Ömrüň öter şer biläni.

Gyz-gelinlerde,aýallarda esasy sypat-näzeninlik,ýagny mähremlilik,ýuka ýüreklilik. Şonsuz duýgy – söýgi gatnaşyklarynyň ýüze çykmagy mümkin däl.

Hut şonuň üçin hem Magtymguly öz halkynyň gyz-gelinlerine, zenanlara dünýäniň diregi, bezegi,şatlygy,durky,gönezligi hökmünde garapdyr,olary peri-peýkerden, perrişdelerden we beýleki hyýaly gözelliklerden hem belent goýupdyr.Ol özüniň şygrynda:

Dünýä görki näzeninler,ne janlar,

Nadana ýolukdy türpe jenanlar,

Ýardan galan-äri ölen juwanlar,

Goç ýigidi gözlär, baýa seretmez.

Akyldar şahyryň gelin-gyzlar hakdaky şygyrlary,pentleri we öwüt nesihatlary halkyň ýüreginiň töründe orun tapdy.Häzirki wagtda ýurdumyzda aýal-gyzlaryň erkin we döredijilikli zähmet çekmegi üçin uly tagalla edilýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kalby mähirden doly zenanlarymyza uly hormat goýulýar.Zenanlar bagtly durmuşda ýaşap,ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler,nesil terbiýeleýärler.

Zenan mertebesini nusgawy eserlerinde göteren şahyryň gelin-gyzlar hakdaky eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň goşgularyny okamak bilen onuň bize berýän nesihatlaryny, maslahatlaryny örän makul bilýäris. Ol durmuş ýolunda ýol görkeziji bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryh we arheoogiýa institutynyň uly ylmy işgäri ; Bahar Mämmedowa. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby; Oguldursun Ugurlyýewa.

Türkmen zenanlarynyň asyllylygy,edep-ekramy şahyryň goşgularynda.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy eli işli, çeper gyz – gelinlere aýratyn hormat goýupdyr. Şonuň bilen birlikde hem olaryň ruhy baýlygynyň ýokary bolmagyny , maşgala üçin öz ömrüni, yhlasyny gaýgyrmazlygyny isläpdir.

Şahyr zenan üçin maşgalada terbiýesiniň zerurlygyny şeýle nygtaýar:

Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,

Edebin, ekramyn,oturşyn görüň.

Mgtymguly Pyragy gelin-gyzlar barada ýazan goşgularynda olaryň maşgaladaky ornuny,mertebesini,çeper elliligini hem wasp edýär.Olary maşgalada erkekleriň pikirdeşi,şatlygy, gaýgyny deň paýlaşýan,durmuşyna bezeg berýän,wepaly ýanýoldaşy hasaplapdyr.Bu barada:

Döwletli är gerek,söweşde serhoş,

Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş.

Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş

Bu döwlet hiç kimiň eline degmez.

─ diýip ýazypdyr.

Şahyr süýjülik bilen agzybir ýaşamagy başarýan, mylakatly ömürlik ýanýoldaşy arzuw edipdir.,,Kerem istärin’’ diýen şygrynda:

Taňry bermese nädeli,

Baş alyp,kaýda gideli,

Oturşy – turşy edaly,

Gaşlary galam islärin.

 

Özüne hormat getiren,

Äriniň hyzmatyn bitiren,

Gaşyny çytman oturan,

Maňlaýy gülen islärin.

─diýip  wasp edipdir. ,, Ata meňzär’’ diýen şygrynda ýa-da ,,Bolmasa’’ şygrynda:

Gardaşsyza kuwwat ýokdur,

Ogulsuza döwlet ýokdur,

Aýalsyza eşret ýokdur,

Hoş güni hasrata meňzär.

***

Almaz , kümüş mis görüner,

Dulda gyrnak tüýs görüner,

Perizat hatyn pis görüner,

Bir hulky söýmän ýigide.

 

Ýagşy aýal ele gelmez,

Nadan ýagşyň gadryn bilmez,

Aýalsyza mydar bolmaz,

Dönseň hökmi Süleýmana-

─ diýip ýazypdyr.Bu mysallarda şahyr zenanlaryň durmuşda uly orna eýedigi, ýaşaýşyň abadanlygyny, zenan maşgalanyň oňaýly gylyk-häsiýeti asyllydygy bilen baglydygyny belleýär.Ynsanperwer şahyr maşgala gurmak meselesinde ikitaraplaýyn ylalaşygyň bolmalydygyny, maşgala durmuşynyň biri-biriňi söýmek, birek-birege hormat goýmak esasynda guralmalydygyny örän ýerlikli belleýär.

Söýmek-söýüşmek Adam atadan,How eneden gaýdýar.Şahyryň ,,Peder bize miras goýmuş bu derdi’’ diýmegi tötänden däldir.

Türkmenler söýüp-söýüşmegiň hem medeniýetini saklapdyr.Muny Magtymguly atamyzyň gelin-gyzlar baradaky şygyrlary-da subut edýär.Söýgi meselesi akyl-paýhaslylyk,edep-ekramlylyk bilen utgaşdyrylypdyr.

Akyldar Magtymguly söýüp-söýüşmegi, birek-biregi tanap maşgala gurmagy ündeýär.

Magtymguly,nesihatym bolmasa,

Sana geçmen hiç kim gulak salmasa,

Ýigit göwnün söýenini almasa,

Dynç alyp parahat ýatyp bolmaýar.

Maşgalada ýagşy zenanyň ornuny kesgitläp,akyldar şahyr şeýle diýýär:

Gözel bardyr dünýe malyn iýdirseň,

Bardyr gözel iýen nanyna degmez…

***

Ýigidiň abraýy ýagşy zagyfdyr,

Ýagşy zagyf näkes äre haýypdyr.

Maşgala durmuşynda birek-birege mynasyp, düşünişip ýaşamak bagtyna ýetjek zadyň ýoklugy,tanap almagy möhümligi nygtalýar.

Hak her kime bir ýagşy ýar bermändir,

Sözi ahdyr,içi doly armandyr.

Ýüz ýaşasa, bäş gün ömür sürmändir,

Her kimiň mynasyp ýary bolmasa-

diýmek bilen,ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ,,Äri är edýänem aýaldyr,gara ýer edýänem’’.Bu barada şundan başga-da ,,Äri äriň aýaly-şir är bolmadygyň aýaly-gara ýer’’, ,,Aýaly saklamany oňarmasaň, güň bolar, ýüregi saklamany oňarmasaňýüň bolar’’ ýaly nakyllar ýöne ýerden döremändir.

Şahyr ,, Gaşy ýaý’’ atly goşgusynda türkmen gyzynyň gaşynyň ýaý ýaly owadanlygyny wasp edipdir:

Bir dilbere duş geldim, gamzasy ok, gaşy ýaý,

Gün haýrandyr görkünden, hyjalatda dolan Aý.

Pyragynyň aýal –gyzlara degişli döredijiliginiň oňat taraplaryndan biri hem onuň köp aýallylyk  meselesini ýazgarmagydyr.Bu däbiň  gelin-gyzlaryň uly bagtsyzlygyna sebäp bolýandygy, onuň maşgala durmuşynda agzalalyga, bagtsyzlyga eltýändigi gürrüňsizdir.Şahyr özüniň ,, Kyly-kal bolar’’ diýen goşgusynda bu ýagdaýy aýdyň suratlandyrypdyr:

Her kişiniň iki bolsa aýaly,

Gije-gündiz işi kyly-kal bolar,

Her biriniň bardyr ýüz-müň hyýaly,

Owkat sürüp görejegi hal bolar.

 

Birin söýüp, birin eýlese naçar,

Ile ryswa bolup,öz aýbyn açar,

Akly haýran bolup,baryndan geçer,

Dek tutmasa ýaryn, bikemal bolar.

Bu mysallarda köp aýallylygyň maşgala durmuşynda agzalalyk döredýändigi bellenip bu zyýanly däp näletlenýär.

Maşgalada agzybirlik bolmalydygyny, her kimiň öz ýanýoldaşy bilen bagtly ýaşamalydygy, söýmelidigini parasatly şahyr ençeme eserinde nygtap geçýär.Şahyr özüniň ,,Mala seretmez’’, ,,Pany jahan gerekmez’’ diýen goşgularynda şonuň ýaly meseleleri öňe sürýär:

… Her kim öz ýaryny dogan aý edip,

Aýyn gözlär, başga aýa seretmez.

… Ol kime sen bagş edip sen, ýagşy – ýaman bir güli,

Ol güllerden gaýry bizge sahypjenan gerekmez.

Maşgalanyň agzybirligine gönükdirilen pikirler şahyryň aýal-gyzlara bagyşlap döreden eserleriniň aglabasynda duş gelýär.Bu temadaky goşgularda päk söýgi, söýgüliňe wepalylyk beýan edilýär.Magtymgulynyň ýaş wagtynda bir gyzy söýendigini goşgy setirinde görmek bolýar:

On ýedige baramda,yşk söwdasyn göterdim,

Yşkyň söwdasy bilen sürüp, meýdana geldim.

Bu setirlerden görnüşi ýaly,ol ilki köňül beren gyzyna öýlenipdir.

On ýediden geçensoň, şöhrat öýüne girdim,

Aldym bir näzenini,zowk ile sapa sürdüm,

Bu gunçaýy- gülzaryň elwan gülüni tirdim,

Ýigrimiýe ýetende, pelek jebrini gördüm,

Pelek aldy ýarymy,ejel gamhana geldim─

diýýän şahyr ýigrimi ýaşda başdaşyndan jyda düşýär.Magtymgulynyň ilki köňül beren gyzyna öýlenendigi, ondan ir jyda düşendigi  başga şygyrlarynda-da aýdylyp geçilýär.

Dertli dilber , dilleşer sen, gel bäri,

Dullukdyr meniň-de bagrym dilenim─

diýip aýdýar.

Wagtyň geçmegi bilen aýralykderdi könelişýär, Meňli atly gyzy söýýär.Halk arasynda bolan käbir rowaýatlara hem-de Zelili şahyryň gelni Hally Garrynyň tassyklamagyna görä,Meňli Magtymguly şahyryň daýzasynyň gyzy bolupdyr.Olar birnäçe ýyllap biri-biri bilen halaşypdyrlar.

Ony şahyryň:

Sözleşerdim, syrlaşardym ýar bile

Ýüregimde ýar hyýaly bar bile─

ýaly setirleri-de tassyklaýar.

Ýöne olaryň bir-birine gowuşmandygy ýene-de şahyryň öz goşgularynda habar berilýär:

Bir näkese bagş eýlemiş pelek Meňli ýarymy…

-diýip aýdýar.

Magtymguly Meňli barada birnäçe şygyrlar düzüpdir.

Perde tartyp ýüzlerime,

Raýyş berip sözlerime,

Magtymguly gözlerime,

Ýeke Meňli han görüner.

Meňli hemMagtymgulyny çyn ýürekden söýüpdir. Bu söýgi şahyryň iň oňat eserleri döretmegine sebäp bolýar.Meňli gyz Magtymguly üçin hem aý, hem gün, hem gül, hem bilbil-dünýäde Meňliniň ýerini tutup biljek ynsanda-da ,periler arasynda-da tapylmaýar. Magtymguly bu şygrynda türkmen gyzynyň utanjaňdygyny, edepli-ekramlydygyny suratlandyrypdyr.

Şahyra ýürekden söýen gyzy bilen birikmek miýesser bolmaýar. Meňlini hossarlary başga birine satypdyrlar. Ol özüniň ,,Aýryldym’’ atly goşgusynda ,, Lebi şeker , agzy gunça, zülpi taryndan’’ aýra düşmegi zerarly şeýle aýdýar:

Bilbilem ahy-zar çekip,

Täze gülzardan aýryldym,

Gözden ganly ýaşym döküp,

Ol söwer ýardan aýryldym.

Magtymgula dakylma däbi boýunça ýeňňesi Akgyzy dakypdyrlar. Şahyr dakylma adatyndan boýun gaçyryp bilmän, alaçsyz guran maşgala durmuşynyň öz göwnüne ýaramandygyny käbir goşgularynda duýdurýar:

Pyragy geldim jahana,

Bir ýar bergil akly – dana,

Duşdum üm bilmez nadana,

Bir gadrym bilen islärim.

Oňa  Meňliniň aýralygy gaty agyr degýär we döredijiliginde ýitmez yz galdyrýar.Magtymgulynyň eserlerinde duş gelýän käbir setirlerde,ol dine ynanan adam bolupdyr. Muňa döredijiliginiň diňe aýal-gyzlara degişli bölegine syn edeniňde-de ençeme mysal tapmak bolar:

Gözele il hyrydardyr,

Ýazany perwerdigärdir.

***

… Owal başda , kadyr Alla,

Bir ýar bergil akly dana.

 

Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň goşgularyny neşir etmekde soňky döwürlerde – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe neşir edilmedik goşgulary hem ile ýetirmäge mümkinçilik döredi. Indi şahyryň goşgularyny hemme taraplaýyn doly öwrenmäge giň mümkinçilikler bar.Muňa mysal edip,  2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip atlandyryldy.

Beýik türkmen şahyry  Magtymguly Pyragynyň ýaşan zamanasynda hem, biziň häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem gelin-gyzlaryň hormat-sarpasy uly.Türkmen zenanlary maşgala ojagynyň abadançylygyny,agzybirligini üpjün etmek üçin köp iş bitirýärler.Maşgaladaky ýaş nesliň edep-terbiýesi meselesinde aýal maşgalanyň hyzmatynyň örän uludygy her birimize mälimdir.Türkmen halky ýöne ýere enäni Käbä deňemeýär.Ine,şeýle mähir paýlaýan mähribanlaryň mertebesini belent tutýan beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň  olar baradaky dürdäne setirleri okyjylaryň kalbynda uly oruntutýar. Beýik şahyryň döredijiliginde gyz-gelinleriň , aýallaryň gadyr-gymmaty, at-abraýy, maşgaladaky hyzmaty, wepalylgy barada aýdylýan pähimli setirler şeýle netijä gelmäge ýardam edýär.

Türkmen gelin-gyzlary elmydama arassa  ahlaklylygy, ýaryna wepalylygy bilen belentde bolupdyrlar.

Şahyr türkmen zenanlaryna halkyň milli buýsanjy, göz-guwanjy hökmünde garap, türkmen gyz-gelinlerini dünýäde deňsiz – taýsyz gözellik hökmünde wasp edipdir.

Akyldar şahyryň gelin-gyzlar hakdaky şygyrlary,pentleri we öwüt nesihatlary halkyň ýüreginiň töründe orun tapdy.Häzirki wagtda ýurdumyzda aýal-gyzlaryň erkin we döredijilikli zähmet çekmegi üçin uly tagalla edilýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kalby mähirden doly zenanlarymyza uly hormat goýulýar.Zenanlar bagtly durmuşda ýaşap,ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler,nesil terbiýeleýärler.

Zenan mertebesini nusgawy eserlerinde göteren şahyryň gelin-gyzlar hakdaky eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň goşgularyny okamak bilen onuň bize berýän nesihatlaryny, maslahatlaryny örän makul bilýäris. Ol durmuş ýolunda ýol görkeziji bolup durýar.

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryh we arheoogiýa institutynyň uly ylmy işgäri ; Bahar Mämmedowa. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň talyby; Oguldursun Ugurlyýewa.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

300 million dozada sanjym alar

Ýewropa Bileleşiginiň komissiýasy, COVID-19 pandemiýasyna garşy sanjymyny satyn almak hakynda “Sanofi we “GSK” derman kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama baglaşandygyny habar berýär. Şeýle...

Dünýädäki iň gymmat elektrikli awtoulag taýýar

Birnäçe ýyl bäri ady dünýä dolan dünýäniň iň gymmat elektrik giper awtoulagy “Aspark Owl” ilkinji eýesine gowşar. Bahasy 3,4 million dollar bolan ýapon markasynyň...

At çapyşyklary we harby ýöriş

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hem hasabatlar berildi. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, 28-nji sentýabrda...

Nesip etse äriňdirin….

Sytdyk başlygyny görende ýaýaplap, ýalym-ýulum edip, şonuň göwnünden turjak sözi tapjak bolup oda-köze düşerdi. Wezipesi özünden pesleri, eli ýukany görende welin özüni şir-peleň däldirin...