27/11/2020 21:38
Home IŇ TÄZE HABAR London bilen Tokionyň rekord söwda ylalaşygy

London bilen Tokionyň rekord söwda ylalaşygy

Beýik Britaniýa bilen Ýaponiýa erkin söwda şertnamasyna gol çekdi. Tokionyň kabul ediş öýünde geçirilen dabarada bu resminama Beýik Britaniýanyň daşary söwda ministri bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri tarapyndan gol çekildi. Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu resminama Londonyň Ýewropa Bileleşiginden çykanyndan soňky gol çekişen ilkinji möhüm şertnama boljakdygy bellenilýär.

Beýik Britaniýanyň daşary söwda ministri Elizabet Trass bu barada eden çykyşynda: “Köpler garaşsyz Beýik Britaniýanyň uly söwda şertnamasyny baglaşyp bilmejekdigini we munuň üçin köp wagt gerek boljakdygyna ynanýardylar. Emma bu beýle däl. Beýik Britaniýa gysga wagtda uly söwda şertnamasyna gol çekişdi” diýip belledi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi bu şertnamanyň iki ýurduň parlamentleri tarapyndan tassyklanylandan soň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda güýje girjekdigini aýtdy. Eksport harytlarynyň 90% -den gowragy üçin ýygymlaryň aýrylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimisu Motegi hem öz gezeginde Ýaponiýanyň hökümeti Beýik Britaniýanyň Trans-Ýuwaş umman hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyny gazanmak üçin hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belledi.  Trans-Ýuwaş umman hyzmatdaşlygy – söwda nyrhlaryny azaltmak we maýa we tehnologiýanyň has erkin hereket etmegi üçin şertnamalar durmuşa geçirilýän sebitleýin gurama.

Okap bilersiňiz  Täze elektron önümlerini sentýabrda tanyşdyrar
Okap bilersiňiz  Nyşanly eşikler satuwa çykarylýar

Beýik Britaniýanyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 34.8 milliard ýewro deň boldy we şu wagtky gazanylan ylalaşyk haryt dolanyşygyny 16.7 milliard ýewro artdyrmaga mümkinçilik berer.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Turkmenistan- Home of Neutrality and Role of ECO CCI in Sustainable Development

In my congratulatory message to Turkmenistan President H.E. Gurbanguly Berdimuhamedov and people of Turkmenistan, It is gratifying that December 12 has been adopted by...

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...

Tarafsızlık sayfamız faaliyete başlıyor

Türkmenistan Birlemiş Milletler özel kararıyla kazanılan Daimi Tarafsızlık statüsünün 25.yıldönümünü kutlamaktadır. "Türkmenistan-Tarafsızlık Ülkesi" yılında Türkmenistan’da bu önemli bayram dolayısıyla ülke ve dünya çapında birçok...

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini berer

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlary, azyk, dokma hem-de hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini berer. Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň...

21-nji asyryň iň beýik aktýory yglan edildi

“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň beýik 25 sany aktýoryň sanawyny yglan etdi. Sanawa diňe bir amerikaly aktýorlar däl, eýsem Ýewropadan, Hytaýdan...

Amyderýa Hazynasynyň Syry

Gözlegler  we  açyşlar Gadymy  Gündogaryň  taryhynda  aýratyn  orna  mynasyp  bolan  zergärçilik  sungatynyň  nepisligi, sünnäligi  bilen  tapawutlanan  nusgalary  adamzat  geçmişiniň  bütin  dowamynda  özüniň  kämillik  ýoluny  geçipdir....

Tarafsızlık sayfamız faaliyete başlıyor

Türkmenistan Birlemiş Milletler özel kararıyla kazanılan Daimi Tarafsızlık statüsünün 25.yıldönümünü kutlamaktadır. "Türkmenistan-Tarafsızlık Ülkesi" yılında Türkmenistan’da bu önemli bayram dolayısıyla ülke ve dünya çapında birçok...